Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

NOWRUZ GELDI ÜLKÄME

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy.

Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruzyň taryhyny ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksadalaýyk bolar. Eger-de Nowruzy, ilkinji nobatda, tebigatyň täzelenişi, ekerançylyk işleriniň baglanyşy bilen baglanyşdyrýan bolsak, onda bu baýramyň gözbaşyny hut şu bereketli toprakdan gözlemelidiris. Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly medeni syýasat milli mirasymyzy, şol sanda, Halkara Nowruz gününiň gyzykly däplerini ylmy taýdan çuňňur öwrenmäge, döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Halkara Nowruz gününiň däpleri halkymyzyň taryhyny, edebi mirasyny, ruhy-gözellik dünýäsini öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Türkmenistanyň dürli künjeklerinden Nowruz baýramy bilen bagly milli däp-dessurlaryň dürli görnüşleri toplanyp, ylmy seljermeler geçirildi. Şeýe hem dünýäniň dürli döwürleriniň kitaphanalarynda saklanylýan gadymy golýazmalar öwrenilip, halk köpçüligine ýetirildi.

Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly däplerini dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyr.

Nowruz baýramynyň gadymy däplerini geljek nesiller üçin gorap saklamak umumyadamzat bähbitli ynsanperwer wezipedir. Nowruz baýramy ençeme halklarda, şol sanda türkmenlerde hem Gün senenamasy boýunça ýaz paslynda gije-gündiziň deňleşýän wagtynda – mart aýynyň 21-inde bellenilipdir. Nowruzy günorta we gündogar Türkmenistanyň oturumly we ekerançylyk bilen meşgullanan  ilaty has şowhunly belläpdir. Belli alym N.Krameriň «Taryh Şumerde başlaýar» atly kitabynda türkmenleriň gadymy kowumdaşlary hasaplanylýan şumerleriň ruhy medeniýetinde bu baýramyň dabaraly bellenilýändigi ýazylypdyr.

Gadymy «Gilgameş» şumer dessanynda Nowruz «Täze ýyl», «Täze gün», «Baharyň ilkinji güni», «Bahar baýramy» mazmunda beýan edilipdir. Baýramçylyk «Nowruz» ady diňe orta asyrlarda ýaşan alymlaryň we şahyrlaryň işlerinde düşýär. VII asyrda Gündogarda Nowruz baýramynyň däpleri yslam dininiň dessurlary bilen utgaşdyrylypdyr. Nowruz baýramynyň Horezm patyşalarynyň köşgünde bellenilişi barada Abu Reýhan Birunynyň «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» atly işinde giňişleýin maglumat berilýär. Birunynyň işinde Nowruzyň gije-gündiziň ýazky deňleşýän gününde bellenendigi ýazylypdyr. Şeýle-de alym Horasanyň hökümdarlarynyň Nowruz günleri Horezm patyşalarynyň köşgünde dürli naharlaryň, şeýle hem semenäniň bişirilip, myhmanlary kabul edendigi barada ýazypdyr.

Günorta Türkmenistanyň köp etraplarynda Nowruz günlerini «Ýylyň sylagy» diýip atlandyryp, dabaraly belläpdirler. Adamlar biri-birini ýazyň çykmagy bilen gutlapdyrlar, ýylyň rysgal-bereketli bolmagyny arzuw edipdirler. 

Türkmen nusgawy şahyrlary öz eserlerinde bahar paslyny, Nowruzy taryplapdyrlar. Magtymgulynyň, Andalybyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň we başgalaryň eserlerinde türkmen tebigatynyň ajaýyplygy, hususan-da, Nowruzyň waspy çeper beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň «Duman peýda» diýlip atlandyrylan şygrynda şeýle setirler bar:

Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,

Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,

Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,

Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda,

Ederler haýwanatga hem sud-u zyýan peýda,

Ýer ýüzünde ýaýylyp, ýörerler nahan peýda,

Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda.

Müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, ajaýyp Nowruz baýramy häzirki wagtda-da jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, hemmelere şatlyk we ylham paýlamagyny dowam edýär, dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere çagyrýar.

Täze taryhy döwürde halkymyzyň ynsanperwer, ruhy-ahlak gymmatlyklary ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

Ajaýyp zamanamyzda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Munuň özi döwrümiziň bagtyýarlygyndan, halkymyzyň eşretli durmuşyň eýesidiginden nyşandyr.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Täzegül HUDAÝGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.