Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – ÝOLUMYZYŇ ÇYRAGY

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip mynasyp atlandyrylan 2025-nji ýylyň gelmegi halkymyza bagt, döwletimize abraý mertebe getirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» biz Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda diýarymyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli möhüm wakalaryň, dünýä ähmiýetli çözgütleriň şaýady bolýarys. 

 Oguzhandan gözbaş alyp gaýdýan türkmen döwletimiz bu gün asudalyga we parahatçylyga alyp barýan Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Garaşsyz Watanymyz indi çärýek asyrdan gowrak wagt bäri bu parahatçylyk ýoly bilen ýöräp, uly ýeňişlere beslenýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyz mähriban halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen parasatly döwlet syýasatyny dünýä ýüzüne äşgär edýär. Dünýä arenasynda dost-doganlyk gatnaşykly, parahat söýüji, ylalaşdyryjy döwlet hökmünde özüni tanadan diýarymyzda döwrümiziň bezegi «Asudalyk we parahatçylyk» bolsa, «ynanyşmak» onuň sütüni hasaplanýar. Bitaraplyk ýoly dünýä nusga ýörelgämiz bolsa,  hemişelik Bitaraplyk diýmek ebedi rowaçlyk, asudalyk, bagtyýarlyk parahatçylyk hasaplanýar. Parahatçylyk bolsa ähli ösüşleriň, ähli eşretleriň, abadan ýaşaýşyň gözbaşydyr. 

Ençeme ýyllar bäri asudalygy we parahatçylygy özüne şygar edinen diýarymyzda abadan durmuşda ýaşaýan mähriban halkymyz her-bir täze ýyly umyt-arzuwlar bilen buýsançly garşy alýar.  Täze ýyly mynasyp at bilen atlandyrmak bolsa, indi ençeme ýyllar bäri halkymyzyň arasynda asylly däbe öwrüldi. Ýyllary ýyllardan zyýada gelýän ýurdumyzda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynda bolsa uly many, ýerlikli esas bar. Şeýle ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkynyň ýürek arzuwy, köňül islegi hasyl bolýar. Täze ýylyň şygary döwrümize şan - şöhrat berýär, dünýä ýüzünde abraý - mertebämizi has-da belende göterýär.   

Şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň dabaralanýan ýylynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde, Türkmenistan Döwletimiz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda, parahatçylygyň, asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde, ykdysady-durmuş özgertmeleri öňe sürýän, halkara ähmiýetli, döwrebap taslamalary bilen dünýäde mynasyp orun eýeleýän ýurt hökmünde tanalýar. Jemgyýetçilik-syýasy taýdan durnukly ösýän, ygtybarly we hyzmatdaş döwletleriň hataryna goşulýar. 

Döwletimiziň bitaraplyk syýasaty köpugurly syýasat bolup, daşary döwletler bilen dost – doganlyk, iki taraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda, il-ýurt bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barmakda uly ähmiýete eýe bolýar. 

Ýurdumyzyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan asylly däbi bolan dünýä ýurtlarynyň halklary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň düýp özeninde hem, asudalyga, abadançylyga hormat, birek-birege ynanyşmak, goňşyny goldamak ýaly ýagşy niýetler jemlenendir. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakda uly üstünliklere eýe bolmak bilen, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgüdini tapmakda döwletimiziň alyp barýan syýasaty, dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar. 

Bu gün bolsa, Parahat diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň eşretli günleriniň lezzeti her-bir ildeşlerimiziň şatlyky ýüzünde duýulýar.  

Berkarar Diýarymyz, eşretli zamanamyz, nurana sabalarymyz, ýagty ertirlerimiz mähriban halkymyzyň döwletli-döwranyny nazarlaýan mukaddes taglymatdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly, ynsanperwer syýasatyny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary, döwletimiziň halkara abraýy mundan beýläk-de belentliklere galsyn! 

         Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda taýsyz tagallalar edýän, Döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belent derejelere ýetirýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.