Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ARKADAG ŞÄHERI – GELEJEGIŇ ŞÄHERI

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan «akylly» şäherde taryhy ähmiýeti bolan beýik işler amala aşyrylýar. Ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bu asylly işler ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine yzygiderli iş saparlaryny amala aşyryp bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşýar. Şeýle-de Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirýär. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilýän Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller bilen tanyşýar we Milli Liderimiz özüniň gymmatly maslahatlaryny berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän seýilgähleriň abadanlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilýär. Seýilgählerde ýerleşdiriljek oturgyçlaryň amatlylygy, olaryň adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin oňaýly bolmagy wajyp talap hökmünde kesgitlenendir. Şunda milli binagärlik ýörelgelerine, bu künjegiň ekologik derejesine zerur üns berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzda adamlar, olaryň oňaýly ýaşaýşy, ýokary derejeli dynç alşy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belleýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähleriň çäklerinde toý dabaralaryny geçirmäge niýetlenen döwrebap toý mekany, myhmanhana, işewürlik merkezi, dürli sport meýdançalary ýerleşdirilmelidir diýip nygtaýar. Merkeziň çäklerinde guruljak desgalarda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden şäherleriniň, şol sanda Gadymy Nusaý galasynyň, Paryzdepe ýadygärliginiň binalary ýaly aýratynlyklar öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan durmuş maksatly desgalar toplumynyň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. Täze şäheriň medeni-dynç alyş seýilgähinde taryhy gymmatlyklaryň şekilleriniň ýerleşdirilmegi ösüp gelýän ýaş nesillerde şöhratly taryhymyza söýgini has-da artdyrar. Milli Liderimiz bina edilýän ähli desgalaryň, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň, ekologik ýagdaýynyň Arkadag şäheriniň halkara giňişlikde ykrar edilen derejesine laýyk gelmelidigini we şunda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagy wajypdyr we ol taslama taýýarlaýjylara, gurluşykçylara bildirilýän möhüm talap hökmünde kesgitlenendir diýip belleýär.

Şeýle hem Garagum derýasynyň demirgazygynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda lagym suwuny gaýtadan işleýän desga hereket edýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň bu desga baryp desganyň işleýişi alyp barýan işi bilen ýakyndan tanyşmagy munuň özi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriň hiç bir ugrunyň ünsden düşürilmeýändiginiň aýdyň mysalydyr. Toplumyň çäginde suw durlaýjy howdan, ýapyk drenaž ulgamy, suwaryş suw toplumy, ozon generatorlary, 100 müň kub metr suwy saklamaga niýetlenen desga bar. Onda lagym suwuny gaýtadan işlemek, gaýtadan işlenen we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän suwy Arkadag şäheriniň gök zolaklaryny, seýilgählerini, şäher baglaryny suwarmak, önümçilik toplumlarynyň, golaýdaky obalaryň zerurlyklary üçin ulanmak meýilleşdirilýär. Gaýtadan işlenen suwuň artykmaç möçberi bolsa Garagum derýasyna akdyrylar. Munuň özi ýurdumyzda suwy rejeli we netijeli peýdalanmak meselesine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Biziň sebitimizde suw ykdysady, durmuş taýdan abadançylygyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini hem-de hilini kesgitleýän aýgytlaýjy şertleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz täze desganyň işiniň sazlaşykly alnyp barylmagynyň, suwuň hiç hili ýitgisiz ulanylmagynyň üpjün edilmelidigini belledi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologiýa we suw babatda alnyp barylýan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr. Çünki suw serişdelerine aýawly çemeleşmek paýhasly pederlerimizden galan asylly ýörelgeleriň biridir. Ir döwürlerde ata-babalarymyz suwaryşyň täsin tärlerini oýlap tapypdyrlar. Onuň inçeliklerini, suwdan peýdalanmagyň özboluşly usullaryny nesilden-nesle geçiripdirler. Şeýlelikde, taryhda kärizler, jykyrlar, guýular, sardobalar gurlup, milli suwaryş ulgamynyň kämil usuly döredilipdir. Pederlerimiz suwuň her bir damjasyny altyna deňäpdirler. Häzirki döwürde bu ugurdaky milli ýörelgeler döwrebap tehnologiýalar, sanly ulgam arkaly has-da kämilleşdirildi we şu günüň talaplaryna laýyk getirildi diýip, alym Arkadagymyz nygtaýar. Şeýle hem Arkadag şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän 5G internet tor ulgamynyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu bolsa dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan peýdalanyp ýaşaýjylar we zähmet söýer işgärler üçin döredilip berilýän ägirt uly mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ajaýyp şäher gurluşygynyň dünýä nusgalyk işleriniň alynyp barylmagynda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň üns merkezinden düşürmän yzygiderli iş saparlaryny amala aşyryp özüniň gyzyldan gymmatly maslahatlaryny bermeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Umumy adamzat parahatçylygyny üpjün etmekde oňyn halkara başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini bütin dünýäde dabaralandyryp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda elmydama rowaçlyklara beslensin!

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.