Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata-Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Türkmen Bitaraplygy döwletimiziň esasy sütüniniň biri bolmak bilen, bu uly derejämiz halkymyzyň agzybir, asuda durmuşda ýaşamagyna giň mümkinçilikleri açýar. Şonuň bilen bir hatarda milli Garaşsyzlygymyzy jebis berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan gelejegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Türkmenistan bitarap, daşary ýurtlaryň syýasatyna goşulmaýan we birleşmelere girmeýän ýurtlaryň biri bolmak bilen, özüniň ylalaşdyryjy syýasatyny öňe sürýär. Şu babatda aýdylanda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dünýä ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň goldanmagyna we ýurdumyzyň beýleki ýurtlara görelde bolmaklygyna itergi berýär.
Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýa tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, «Merkezi Aziýa-parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä bileleşiginiň Bitarap döwletimize bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli, oýlanşykly başlangyçlaryň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň yzygiderli ilerledilýändigi bellenilýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň, halklaryň arasynda özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly mümkinçilikleri açýar. Döwletimiz bu hukuk derejesine daýanyp, abraýly halkara guramalar bilen möhüm işleri durmuşa geçirmekde örän uly tejribe toplady. Bu işler, ilkinji nobatda, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidinedir.
Garaşsyz baky Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygynyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu zatlaryň ählisiniň aňrysynda diňe bir türkmen halkynyň parahatçylygy däl-de, eýsem dünýä ýüzüniň halklarynyň parahat ýaşamaklyk syýasaty jemlenýär.
Türkmen halkyna şeýle asuda, parahat durmuşda ýaşamaklyga mümkinçilik döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň il-gün, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Hormatly Prezidentimiziň badalga beren beýik özgertmeleriniň eşretlerine guwanýan eziz halkymyzyň durmuşyny bezeýän bagtyýarlygy dowam-dowamat bolsun! Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Bahar METDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.