Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HUSUSY PUDAK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan üstünlikli syýasaty netijesinde, Türkmenistan döwletimiziň hemme taraplaýyn ösüş ýoluna düşmegine giň mümkinçilikler açyldy.Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde, ýurdumyz ykdysadyýeti ýokary ösüşlere eýe bolmak bilen, ykdysady mümkinçilikleri barha ýokary galýar we dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolýar.Döwletimiziň ykdysady ösüşleri Watanymyzyň kuwwatlylygynyň has-da ilerlemegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň barha gowulanmagyna edýän oňyn täsirleri, röwşen geljegimiziň ösüş ýolunda öňe barýandygyny habar berýär.

Ähli pudaklar bilen bilelikde hususy pudagyň hem ösmegine giň mümkinçilikler açyldy. Türkmen ykdysadyýetiniñ ösüş maksatnamalaryna laýyklykda, bazar ykdysadyýetine geçmegiñ bir ugry hökmünde hususy telekeçilige uly orun berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda her ýylda birnäçe döwletleriň telekeçileriniň gazanan üstünliklerine bagyşlanan halkara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär.Bu bolsa, telekeçiligiň dünýä tejribesini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu babatda gyzyklanma bildirýän dünýä döwletleriniň köp sanlysy bilen özara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligiñ berk binýady kemala getirilýär. «Açyk gapylar» syýasatynyñ üstünlikli alnyp barylmagynyñ netijesinde, erkin ykdysady gatnaşyklaryñ ýola goýulmagy, ýeňillikli salgyt syýasaty, ýeňillikli karzlaryñ berilmegi telekeçiligi ösdürmäge uly ýardam berýän mümkinçiliklerdir. Şunlukda, telekeçiligiñ milli kanunçylyk binýadyny emele getirmek, söwda işiniň hukuk esaslaryny dünýä ülñelerine laýyklykda amala aşyrmak meselesi häzirki döwürde öz ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. 

Syýasy durnuklylyk, telekeçiligiñ döwlet tarapyndan goldanylmagy onuň uzak möhletleýin häsiýete eýe boljakdygyny aýdyň görkezýär.Telekeçilige, hususyýetçilige berilýän ünsüň we ýardamyň netijesinde, hususy telekeçilik uly ösüşe eýe bolýar. Şunuň netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine saldamly goşant goşýarlar.Türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň öndürilişini barha ýokarlandyrýarlar.Şeýle hem hususy pudagyň wekilleri oba hojalygynda, azyk senagatynda, gaýtadan işleýän önümçilikde, gurluşykda, gurluşyk serişdeleriniň we elektrik enjamlarynyň, öý-hojalyk tehnikasynyň önümçiliklerinde, söwda, bilim, durmuş hyzmatlary, ulag-logistika ulgamlarynda, halk senetçiliginde üstünlikli işleri amala aşyrýarlar.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly “Telekeçiler Ýurdumyzyň Altyn Gaznasydyr” diýen sözlerinden ugur alyp türkmen telekeçilerimiz dünýäniñ ösen öñde baryjy tehnologiýalarynyñ ornaşdyrylan ýyladyş hanalarynda gök bakja önümlerini öndürmekde olary saklanyş usullaryna görä ýörite ammarlarda saklamakda şeýle-de dünýä döwletlerine eksport etmekde hem uly işleri amala aşyrýarlar.Içerki ak bazarlarymyzda hem azyk bolçulygyna we onuň  elýeterliligine uly goşant goşýarlar.Ähli ugurlarda üstünlikler gazanýan telekeçilerimiz gurluşyk işlerinde hem dünýä nusgalyk işleri alyp barýarlar.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda sanlyja seneleriň içinde kemala gelen sebitde deňi taýy bolmadyk ilkinji akylly şäher Arkadag şäheriniň gurluşygynyň türkmen telekeçilerimize ynanylmagy we telekeçileriň zähmet üstünlikleri bilen öz wagtynda ýokary hilli gurup tabşyrmaklary hem aýratyn bellärliklidir.Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda hem gurluşyk işlerini üstünlikli amala aşyrýan telekeçilerimize Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň hem-de halyçylyk kärhanasynyň, medisina klasteriniň toplumunyň gurluşygy hem ynanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli telekeçilerimiz bilen duşuşup olara özünüň gyzyldan gymmatly maslahatlaryny bermegi bolsa türkmen telekeçilerimizi has-da guwandyrýar, begendirýär, alyp barýan işlerinde has-da üstünlikli zähmet çekmekliklerine ruhlandyrar. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleri diýarymyzyň ähli künjeklerinde şeýle-de Arkadag şäherinde, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri amala aşyrylýan özgertmeleri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan üstünlikli syýasatyny halkymyzyň, ýaşlarymyzyň, telekeçilerimiziň, işewürleriň, hünärmenleriň we işgärleriň arasynda bolup wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirýär. Şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy baýramçylyk toýuna özleriniň zähmet üstünlikleri bilen mynasyp goşant goşmak ugrunda birnäçe işleri amala aşyrýarlar.

Telekeçiligi goldap, olara giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir! 

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.