Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze ösüş taryhynyň kepili, ilkinji we hemişelik nyşanlary bolan Konstitusiýamyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň ruhlandyryjy güýji mähriban halkymyzy şan-şöhratly ýol bilen öňe – ajaýyp geljege alyp barýar. Döwletliligiň baş alamatlary bolan esasy Konstitusiýamyz, ýaşyl Tugumyz ähli ösüşlerimiziň gözbaşydyr.
Döwletliligiň, milli jemgyýetimiziň mazmunynyň we gurluşynyň, ähli hereketleriniň hem-de meýilleriniň hukuk esaslaryny kesgitleýän, ykrar edýän Konstitusiýamyzyň halkyň durmuşyndaky, aňyndaky ornuny, ähmiýetini döwür has aýdyň ýüze çykardy. Halkyň paýhasyny, geljege ymtylyşlaryny ýüze çykarmagyň, goldamagyň, kanunlar bilen berkitmegiň esasy delili bolan Konstitusiýamyz ýurdy ösdürmegiň taryhy ýollaryny salgy berýän baş ýörelgämiz bolsa, Döwlet baýdagymyz hemme ugurlarda üstünliklere, ýeňişlere galkyndyrýan köňül buýsanjymyzdyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň berkararlyk ýolunda halkymyzyň öz döredijilik güýjüne, millet hökmündäki ruhy kuwwatyna doly göz ýetirmegi, dünýä halklarynyň arasyndaky mynasyp ornuna eýe bolmagy baradaky taryhy wezipe esasy Konstitusiýamyzyň her babynda, her bir setirinde öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň özgertmeler syýasatynyň her tapgyrynyň aýratynlyklaryna Konstitusiýamyzyň täzelenen, kämilleşdirilen baplarynda aýdyň göz ýetirip bolýar.
Konstitusion özgertmeler Türkmen döwletiniň milli hukuk binýadyna umumy ykrar edilen halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini ornaşdyrmaga ýol açdy. Bu bolsa demokratik, hukuk döwleti hökmünde we durmuş-ykdysady ösüşlere mümkinçiligi örän uly bolan ýurt derejesinde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegini şertlendirýän esasy ýagdaýlaryň biridir.
Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Esasy Kanunymyzdaky bu kesgitleme ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini has çuňlaşdyrmagyň hukuk binýady bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň peder ýörelgesini başarjaňlyk bilen dowam etdirmeginde ýurdumyzda telekeçiligi we hususy işewürligi milli ykdysadyýetimiziň esasy daýançlarynyň birine öwürmekde aýgytly çäreler durmuşa geçirilýär. Konstitusion özgertmelere laýyklykda bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaklyga gönükdirilen ençeme Kanunlar, maksatnamalar kabul edildi. Olaryň hatarynda “Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem “Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy” ýurdumyzyň telekeçilerine ägirt uly ösüş Maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşmaga, hyzmatlar ulgamynda, oba hojalygynda, täze senagat düzümlerini döretmekde we beýleki pudaklarda öz işlerini giňeltmäge şert döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalaryň hukuk esasy bolan Konstitusiýamyz we Kanunlarymyz halkymyzyň has belent derejeli ýaşaýşa ýetmek, nesilleriniň ygtybarly geljegi, asuda ösüşli durmuşyň baky dowam etmegi baradaky arzuw-islegleriniň hasyl bolmagynyň, Döwlet baýdagymyzyň ýaşaýşyň şuglasy, bagtyýar türkmen halkynyň mertebesi bolup, ýer ýüzünde hemişe parlap durmagynyň kepilidir.
Konstitusiýamyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň şanyna döwlet derejesinde geçirilýän toý-baýramlar berkarar Türkmen döwletiniň dünýäde ykrar edilen ösüş ýolunyň dabaralanmasydyr. Döwlet bilen halkyň jebisliginiň ykrarnamasydyr. Döwrüň, taryhyň synagyndan geçen berkararlyk ýolumyz gelejegiň belentliklerini nazarlaýan okgunly ösüşlerimiz, gazanýan ähli üstünliklerimiz üçin biz Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden tükeniksiz alkyş aýdýarys.
Hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, röwşen ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik, taryhy işleri hemişe rowaç bolsun!
Ýaşyl tugumyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň hem-de rowaçlygyň nyşany bolup, Ýer ýüzünde elmydama belentde parlap dursun!
Aýna Saryýewa, TSTP-nyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary