Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BELENT MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR

Ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bu gün parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda milli haryt nyşanly önümleri öndürýän, göwnejaý hyzmatlary hödürleýän hususyýetçileriň hem mynasyp paýy bar.

Eziz Diýarymyzda iri taslamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli ugurlarda iş alyp barmak bilen, gysga döwrüň içinde guwandyryjy sepgitlere ýetmegi başardylar. Bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen ýokary tehnologik önümleri öndürýän önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekde hususyýetçileriň uly paýy bar. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň tagallalary esasynda kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň aýdyň netijesidir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem hususy pudagyň wekillerine täze mümkinçiliklere giň ýol açýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyza dünýäde we sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşmaga, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Şonuň esasynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we ylym-bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi telekeçiligi ösdürmäge hem giň mümkinçilikleri döredýär. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet tarapyndan geçirilýän çäreler ýurdumyzda telekeçiligiň işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem hususy pudagyň işini döwlet tarapyndan yzygiderli goldamak wezipelerine aýratyn orun berilýär.

Hususy pudagyň wekilleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutanýerli zähmet çekip, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrunda alnyp barylýan asylly işlere saldamly goşant goşup, şanly ýyly uly üstünliklere, belent sepgitlere beslemek ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýarlar.

Şanly ýylyň 10-njy ýanwarynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň döwletli Kararlara gol çekmegi buýsançly waka boldy. Şeýle döwletli Kararlaryň esasynda, Arkadag şäheriniň binalarydyr desgalarynyň täze görnüşi kemala geler. Kämilligiň nusgasyna deňelýän şäheriň ikinji tapgyryndaky medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň milli düzümlere, ýagny türkmen telekeçilerine ynanylmagy başymyzy göge ýetirdi. Taryhy resminamalaryň kabul edilen gününiň yzysüre Milli Liderimiziň Arkadag şäherine baryp, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşmagy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirip, gymmatly maslahatlaryny bermegi bolsa hususy pudagyň wekillerini täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň ähli babatda gülläp ösmegi, türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleriniň has-da rowaçlanmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Baýrammyrat AMANMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary.