Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Işewürlik döwrüň talaby

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde bazar gatnaşyklary ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan telekeçiligiň kämilleşdirilmegi döwletiň ösüşlerine täze badalgadyr. Şonuň üçin hem innowasion ykdysadyýetiň kemala getirilmegine hususy işewürligiň gatnaşmagyny üpjün etmek ýa-da oňa telekeçileri giňişleýin çekmek esasy şertleriň biridir. Dünýä döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem hususy telekeçilik ýurduň ykdysady ösüşinde derwaýys orny eýeleýär. Ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň artmagynda, importyň azalyp, eksportda täze mümkinçilikleriň emele gelmeginde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bu pudagynyň paýy barha ýokarlanýar. Munuň şeýledigini «Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda ýerine ýetirilen işlere nazar aýlanyňda-da görmek bolýar. Maksatnamada hususy pudagy diwersifikasiýalaşdyrmaga, önümçiligiň täze ugurlaryny emele getirmäge we eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlar üns çekijidir.

Türkmenistanda döwlete degişli kärhanalary hususylaşdyrmak ugrunda ädilen ädimler ýurduň ykdysady gorlaryny güýçlendirmekde, pudaklaryň hereketsiz, girdejisiz ýa-da pes girdejili ugurlaryny işjeňleşdirmekde we telekeçileriň mümkinçilikleri esasynda ýurtda innowasion tehnologiýalary giň ýaýrawda ornaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Bu babatdaky tagallalar uzak ýyllaryň dowamynda býujede, şonuň bilen birlikde-de, milli ykdysadyýete agram salýan önümçilik kärhanalarynyň täze güýç gazanyp, girdejili çeşmä öwrülmegine, içerki bazarlar üçin täze önümçiligiň ýola goýulmagyna, importyň azalyp, eksporta ugradylýan harytlaryň artmagyna, täze iş orunlarynyň döremegine getirdi.

Geçen 2021-nji ýylda türkmen telekeçileri oba hojalyk önümçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlardan başga-da, gaýtadan işleýän zawodlary, eti we süýdi gaýtadan işleýän kärhanalary.gurmak üçin uly maýa goýumlary özleşdirdiler. Bu ýagdaý Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, onuň agzalarynyň hem-de beýleki hususyýetçileriň alyp barýan işleriniň göwrüminiň barha giňeýändigini görkezýär. Olar häzirki güne çenli söwda we hyzmatlar merkezlerini, azyk önümlerini, et we süýt önümlerini, gök-bakja önümleriniň we miweleriň şerbetlerini, alkogolsyz içgileri öndürýän kärhanalary, gurluşyk harytlaryny öndürýän kärhanalary, mebel öndürýän toplumlary hem-de beýleki önümçilikleri gurup, ulanmaga berdiler we bu ugurdaky işlerini depginli dowam edýärler. Gazanylýan şeýle oňyn netijeler üstümizdäki ýylda-da dowam etdirilip, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň möçberindäki döwlete dahylsyz pudagyň paýynyň 70 göterimden az bolmadyk derejesini üpjün etjekdigi çaklanylýar. Bu ýagdaý döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berkemegi üçin-de, hususy pudagyň ösüşiniň ilerlemegi üçin-de guwandyryjy netijedir.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegi, bazar gatnaşyklaryna giň ýol açylmagy hususyýetçileriň sanynyň artmagyna, olaryň arasyndaky bäsdeşligiň güýçlenmegine-de mümkinçilik berdi. Türkmen işewürleri 2009-njy ýyldan bäri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda alnyp barylýan gurluşyklara gatnaşyp, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara işewür gatnaşyklary gol çekilen ylalaşyklaryň birnäçesinde, dünýä döwletleriniň esasy işewür toparlary bilen giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda öz aýdyň beýanyny tapdy.

Telekeçilerimiziň ukyp-başarjaňlyklaryna, zehinlerine bil baglaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow olaryň ýakyn geljekde dünýä derejesinde öz garaýşy, strategik pikirlenişi hem-de durmuş taýdan jogapkärçiligi bolan, jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösmegine uly goşant goşmaga ukyply halkara derejeli işewürler bolup ýetişmekleriniň zerurdygyny öňe sürýär. Bu bolsa türkmen işewürleri üçin örän uly jogapkärçilikdir.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara ugradan Gutlagynda belleýşi ýaly, Birleşmäniň agzalary örän gysga wagtyň — bary-ýogy 14 ýylyň içinde özlerine bildirilen ynamy ödäp, oňyn netijeleri gazandylar. Türkmen telekeçileri diňe bir ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda däl, eýsem jemgyýetimiziň ösüşiniň hilini kesgitleýän täsirli güýç hökmünde döwletimiziň syýasy durmuşynda-da özlerini ykrar etdirmegi başardylar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna bazar ykdysadyýetiniň esasy pudagy hökmünde hereket etmäge şert döretdi.

Kiçi we orta telekeçiligi goldamak, aslyýetinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna kybap gelýän ykdysadyýetiň nusgasyny döredýär. Bu bolsa maýalar üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny, ata Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär.

Oguljeren KAZAKOWA,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.