Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BITARAPLYK - PARAHATÇYLYK, ASUDALYK HEM AGZYBIRLIK

Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen güni bolan 12-nji dekabr taryhymyzyň altyn sahypalarynda orun tutdy. Bu sene parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi we hoşniýetligi dabaralandyrýan, halkara derejede uly ähmiýete eýe bolan baýramçylyga öwrüldi. Bitaraplyk baýramy abadançylygyň, gülläp ösüşiň nyşany hökmünde uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki orny barha pugtalanýar. Ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga, giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesi belende galýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplygymyz dünýäde asudalygy, parahatçylygy üpjün edýän gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly üstünliklere eýe bolýar. Ol halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän dost-doganlyk, ynsanperwerlik, ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagydyr, şol asylly ýörelgeleriň Ýer ýüzünde ykrar edilmegidir. Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen, syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny parahatçylygyň we tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbidine gönükdirýär. 

Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygy ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kalbynda besläp gelen arzuwlarynyň hasyl bolmasydyr. Bitaraplygymyz bolsa türkmen halkynyň şöhrat-şanydyr, parahatçylygy hem asudalygydyr. Şanly Bitaraplygymyz bize halkara ähmiýetli nusgalyk işlerimiz, umumadamzat bähbitli başlangyçlarymyz bilen dünýä çykmaga, milli däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi halkara jemgyýetçilige ýaýmaga, Ýer ýüzünde halkymyzyň, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da dabaralandyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga, giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesi belende galdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döredijilikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr. Şu nukdaýnazardan, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine we dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berdi» diýip belläp geçişi ýaly, beýik işler barha rowaçlanyp, halklaryň bähbidine, abadan we asuda ýaşaýşyna gönükdirilýär. 

Türkmenistan döwletimiz ynsanperwer daşary syýasaty hem-de halklaryň abadançylygynyň, asudalygynyň we gülläp ösüşiniň hatyrasyna alyp barýan işleri bilen özara bähbitli hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmekde tagallalaryny gaýgyrmaýar. «Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ygtybarly gatnaşyklaryň miwesidir. Döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýäde parahatçylygy berkitmek, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmek boýunça tutumly işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribe toplady. Bu bolsa ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylýan her bir tutumly işiň adam hakyndaky aladadan gözbaş alýandygynyň nyşanydyr. Ata Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, beýleki köp sanly iri halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy has işjeň ösdürýär. 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda durmuşa geçirilýän beýik işler türkmen bitaraplygynyň rowaçlanýandygynyň kepili bolup durýar. Şeýle asuda zamanada beýik işleriň başynda durýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ýagmyr Ödäýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.