Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Ýaşlara uly goldaw bar

Turuwbaşdan üstünlige beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan oňyn syýasaty esasynda bagtyýar halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp, rowaçlyklaryň batly gadamlaryna buýsanyp ýaşaýar. Şeýle ösüşdir özgertmeleriň rowaç bolýan zamanasynda ýaşap, zähmet çekip, taryhy wakalara şaýat bolmak bagtyýarlygyň alamatydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilimli, sagdyn bedenli, ýokary ahlakly ýaş nesli terbiýelemek meselesine uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim almaklaryny üpjün etmek häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösýän bilim ulgamynyň infrastrukturasyna, şeýle hem bu ulgamy düzgünleşdirýän döwrebap kanunçylyk binýadyna baglydyr.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaşlaryň konstitusion hukuklarynyň goraglylygyna uly üns berilýär. Muňa döwletimizde ýaşlar barada birnäçe kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem aýdyň mysaldyr. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Maşgala kodeksini, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki kanunçylyk namalaryny mysal getirmek bolar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan ýaş raýatlarymyzyň hukuk sowatlylygyny artdyrmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri bolan, ýaşlaryň telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin talap edilýän ukyplara eýe bolmagyna ýardam bermek, şol sanda bu ugurdan hünär bilimi bolan ýaşlaryň sanyny köpeltmek boýunça hem dowamly işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tehnologiki ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň guramagynda ýaşlaryň arasynda tehnologiki oýlap tapyşlara eýe bolan ýaşlar bilen öňdebaryjy türkmen kompaniýalarynyň bilelikdäki «Start-up» duşuşyk çäreleri ýygy-ýygydan geçirilýär. Bu duşuşyklar geljekde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň arasynda täze oýlap tapyşlary döretmäge ukyply bolan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we olaryň geljekde ýurdumyzyň ylym, tehnologiki we ykdysadyýet babatda gazanjak üstünliklerine öz goşantlaryny goşmaklaryna giň mümkinçilikler döreder.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Jahan GURBANDURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň baş buhgalteri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.