Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Telekeçilik ösüş ýolunda

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ýokary depginde ösýän pudaklarynyň biri bolan telekeçilik ulgamy bazar ykdysadyýetine geçiş şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Hususy ulgamda importyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmek maksady bilen amala aşyrylýan işleriň netijesinde oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň täze ugurlarynyň birnäçesi üstünlikli ösdürilýär.

Häzirki wagtda türkmen işewürleriniň yhlasy bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde kiçi we orta telekeçilik ösdürilýär. Ykdysadyýetiň esasy ulgamlaryna wekilçilik edýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri giň möçberli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga mynasyp goşant goşup, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýärler. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde hem hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Hususy telekeçileriň ýurdumyzyň elektron senagaty we elektrotehnika, gurluşyk we gurluşyk senagaty pudaklarynda, ulag we logistika ulgamynda, himiýa önümçiliginde, obasenagat toplumynda, azyk harytlarynyň we ýeňil senagat önümleriniň önümçiliginde gazanan oňyn netijeleri göwünleri galkyndyrýar. Bu günki gün milli öndürijileriň öndürýän harytlary we ýerine ýetirýän hyzmatlary hil taýdan dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Milli harytlarymyz diňe bir ýurdumyzda uly islegden peýdalanman, eýsem, ýakyn-u-alys ýurtlara eksport edilýär.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatyndan ruhlanýan türkmen telekeçileri ýurdumyzda möhüm ähmiýetli taslamalaryň ençemesini amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkeziniň hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyklaryny aýratyn görkezmek bolar. Bulardan başga-da, hususy işewürler paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk öýleriniň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň gurluşyklaryny üstünlikli alyp barýarlar.

Berkarar Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2021-nji ýylyň soňky günlerinde hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşan ildeşlerimiziň bir toparyny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi we hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak baradaky Permana gol çekdi. Şa serpaýyna mynasyp görlen ildeşlerimiziň arasynda köp sanly telekeçileriň hem bolmagy diýseň buýsandyryjydyr. Munuň özi «Telekeçiler — ýurdumyzyň altyn gaznasy» diýýän milli Liderimiziň hususy işewürleriň edýän tagallalaryna berýän ýokary bahasynyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti hem sebitiň hususy kärhanalarynda we hojalyk jemgyýetlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň ähmiýetini wagyz edýän duşuşyklary hem-de dabaraly maslahatlary yzygiderli geçirýär. Bu duşuşyklar çuňňur many-mazmunly çykyşlara, ýüreklerden joşup çykýan buýsançlara beslenýär. Türkmen telekeçileri Diýarymyzda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edip, mundan beýläk hem ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek we hyzmatlary ýola goýmak arkaly halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga goşant goşjakdyklaryna ynandyrýarlar.

Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda belent tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Täzegül JUMADURDYÝEWA,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy