Türkmen halky ýene bir ajaýyp ýyla gadam basdy, bagtyýarlygy, täze ösüşleri ýüzüne syldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly bagtyýarlygy bilen halkymyzy buýsandyrýar, arzuwlary hasyl edýär. Şeýle ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly ajaýyp goşgusynyň metbugatda çap edilmegi halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Bu ajaýyp goşguda ata Watanymyzyň belent üstünlikleri, rowaçlyklara beslenýän menzilleri wasp edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly ajaýyp täze şygrynyň halkymyzda uly gyzyklanma döredendigine hem-de gyzgyn garşylanandygyna Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahatyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadagly Watan – türkmeniň bagty” atly maslahaty hem ýokary derejede geçirildi. Maslahatda syýasy guramanyň işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan öňdengörijilikli syýasaty esasynda bize sowgat eden bagtyýar döwür barada buýsançlaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşaýar, ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Dürli pudaklarda, ulgamlarda gazanylýan üstünlikler beýik ösüşleriň şuglasydyr, röwşen geljegimiziň rowaçlygydyr. Ýurdumyzyň beýik ösüşleri biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan şeýle ösüşler ýurdumyzy dünýä meşhur edýär. Ynha, geçilen menzillere nazar aýlanymyzda, munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirýäris. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary ykdysady ösüşimiziň örän ýokarydygynyň görkezijisidir.
Şeýle ösüşler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjekleri ösýär we özgerýär. Ykdysady taýdan kuwwatly döwletde şäherleriň we obalaryň ösmegi, özgermegi bolsa, adam hakyndaky aladadan nyşandyr. Adamlaryň ýaşaýşy, döredijilikli zähmeti, bagtyýar geljegi döwletimiziň alyp barýan işleriniň baş ugry bolup durýar.
Şu nurana ýylymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy bilen ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşy şanly wakalara beslener. Maksatnamalaýyn alnyp barylýan işler ykdysady ösüşimizi has-da berkidýär, geljekki ösüşleri üpjün edýär. Şunda öňde durýan wezipeleriň amal edilmegi netijesinde oýlanyşykly alnyp barylýan her bir işiň ýurdumyzyň ösüşlerine, halkyň abadançylygyna gönükdirilendigini aýratyn belläsimiz gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen Türkmenistan ýurdumyzda ýaşamak, beýik işlere buýsanmak egsilmez bagtdyr. Bu bagtyýarlygy peşgeş eden hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Baýram Çaryýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hünärmeni