— Milli telekeçilik Garaşsyzlyk ýyllarynyň miwesi bolup, erkinligiň, özygtyýarlylygyň oňaýly täsiri bilen sanlyja ýylyň içinde düýpli özgertmelere, uly üstünliklere eýe boldy. Ýörjen-ýörjenlikden bedew batly ösüşlere ýetdi. Welaýatymyzyň işewürleriniň ýurdumyzyň hususy eýeçiliginde ilkinjileriň biri bolup hereket edip başlandyklaryny buýsanç bilen aýdyp bileris. Bu ýöne ýerden däl. Çünki geçmişde Beýik Ýüpek ýoly geçen gadymy Merw irki döwürlerde-de täjirleriň şäheri diýlip tanalypdyr. «Täze aý», «Ak hünji», «Bereket», «Maksat deri», «Şatumar», «Datly şerbet» hususy kärhanalary, «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti pederlerimiziň nusgalyk ýoluny ilkinjileriň hatarynda dowam etdirip, häzirki wagtda asylly işleri bilen diňe welaýatymyzda däl, eýsem, tutuş ýurdumyzda-da giňden tanalýarlar.
Bu gün maryly telekeçileri mähriban Arkadagymyzyň öňdengörüji syýasaty bilen döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümi hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti bir saçagyň başyna birikdirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen welaýat merkezinde döwrebap ülňülerde gurlan «Ýüpek ýoly» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän edara binamyzda telekeçiler bilen işewürlik maslahatlaryny geçirmäge, sergileri guramaga giň mümkinçilikler bar. Biz mähriban Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatyndan ugur alyp, öz işimizi döwlet maksatnamalaryna esaslanan ýörite meýilnama boýunça alyp barýarys. Şol meýilnama esasynda telekeçiler tarapyndan medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap oba-şäherleri gurmak, iri önümçilik kärhanalaryny döretmek işlerini alyp barýarlar. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply azyk, senagat we gurluşyk önümlerini öndürýärler. Hyzmatlar ulgamynda dünýä nusgalyk işleri alyp barýarlar.
Şolaryň hatarynda telekeçi zenanlarymyzyň bolmagy diýseň buýsandyrýar. Tejribeli telekeçi Aýhan Hajyýewa Mary şäherinde ýerleşýän, ýylda 20 million jübüt aýakgap önümçiligine niýetlenen döwrebap önümhana ýolbaşçylyk edýär. Onda gelin-gyzlaryň ýüzlerçesi zähmet çekip, çagalar, ýetginjekler, gelin-gyzlar we oglanlar üçin dürli biçüwdäki we ölçegdäki aýakgaplary öndürýärler. «Gerçek» haryt nyşany bilen ýurdumyzyň söwda dükanlaryna ýaýran ýokary hilli aýakgaplaryň Owganystana, Gyrgyzystana eksport edilmegi, bu önümleriň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyndan habar berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu telekeçi zenanyň durmuşy şatlykly wakalara baý boldy. Aýhan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginde «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça ýeňiji diýlip yglan edilip, «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada mynasyp boldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşikde hem «Ýylyň işewür senagatçysy» ugry boýunça birinji orny eýeledi.
Şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy uly dabaralara beslenip, her öý, her ojakda bellenilýär. Bizem halkymyz, ýurdumyz üçin uly ähmiýetli bolan bu şanly baýramçylyga mynasyp zähmet sowgatly geldik. Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy