Güýz ahyrlap, howa salkynlap başlaýan döwründe kalbymyz özboluşly duýgulara beslenýär. Mazaly demine alan gök çaýyň ýany bilen lezzetli şokoladyň tagamy bolsa çagalyk ýatlamalaryny oýarýar. Çagalyk döwründe süýjülikler we salkyn howa Täze ýyl baýramynyň ýakynlaýandygyny aňladardy. Ýylyň dowamynda amala aşyrylan işleriň jemleriniň jemlenilip, täze üstünliklere ýol açýan baýramçylygyna telekeçiler hem güýçli depginde taýýarlyk görýär. Zähmet üstünlikleri bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biri hem telekeçi Begmyrat Işanowyň paýtagtymyzdaky «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hususy işewürlige giň ýol açylyp, telekeçiler üçin uly mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýleasylly başlangyçlaryň mynasyp dowam etdirilmeginiň netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli azyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen birlikde, konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň işleri rowaçlyga beslenýär. Telekeçi Begmyrat Işanowyň «Oguzhan»haryt nyşanly süýji önümleriniöndürýän konditer kärhanasyna ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň kerwenbaşysy diýsek hem ýalňyş bolmaz. Çünki ol ýurdumyzda süýji önümlerini öndürmek maksady bilen açylan ilkinji kärhanalaryň biridir. 1999-njy ýylyň noýabrynda döredilen kärhana Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde has uly mümkinçiliklere eýe boldy. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda telekeçiler üçin ýörite bölünip berlen ýerde «Oguzhan» konditer kärhanasynyň täze önümçilik toplumy guruldy. 2018-nji ýylyň fewralynda Milli Liderimiziňak pata bermegi bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniňagzalarynyň paýtagtymyzyň demirgazykbölegindäki Garry Kulyýew köçesiniň ugrundaky edara binalarynyň we önümçilik toplumlarynyň hatarynda «Oguzhan» konditer kärhanasynyň täze, döwrebap toplumy hem dabaraly açyldy. Hususy işewürlikde uly tejribesi bolan telekeçiniň konditer kärhanasynda häzirki wagtda ýokary hilli, tagamly süýji önümleriniň 50-den gowrak görnüşi öndürilýär. Olar owadan, göze gelüwli gaplara gaplanylýar. Süýji önümleri amatly bahasy bilen tapawutlanyp, ýurdumyzyň söwda nokatlarynda alyjylaryň ýokary isleginden peýdalanýar. «Oguzhan» konditer kärhanasynyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 müň tonna süýji önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Dürli atlar bilen süýji önümleriniň onlarça görnüşi öndürilýär. Şolaryň hatarynda dürli agramdaky we dürli tagamly «Garagum», «Ýyldyz», «Aýazbaba», «Ülje», «Keýik», «Maýa», «Täç», «Aýlyagşam», «Çopantelpek», «Taýçanak» ýaly milli atlar bilen öndürilýän süýji önümleri bar. Olaryň üsti süýji önümleriniň täze görnüşleri bilen yzygiderli ýetirilýär. Konditer kärhanasynyň edara binasynyň we önümçilik sehiniň bir binada ýerleşmegi bu ýerde işleriň alnyp barlyşyny ýeňilleşdirmäge ýardam edýär. Şeýle gurluş dünýäniň ösen ýurtlaryndaky önümçilik kärhanalarynda ulanylýan öňdebaryjy tejribä laýyk gelýär. Kärhananyň çäginde hünärmenleriň işleýän otaglary, önümçilik sehi, çig mal we taýýar önümleri saklamak üçin ýörite ammarlar, hil barlaghanasy, işgärleriň naharlanmagy we dynç almagy üçin niýetlenen ýörite ýerler bar. Bu ýerde sanlyulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp, işleriň doly awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Önümçilik sehinde Türkiýäniň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan. Bu ýerde lki süýjülikleri taýýarlamak üçin ýöriteniýetlenen enjamyň gazanynda kakao owradylyp, oňa şeker we ýag goşulýar hem-de garylýar. Bu iş 2-3 sagatdowamedýär.Emele gelen garynda ys berijiler goşulyp bişirilýär. Soňra taýýar şokolad ýörite galyplara guýlup, önümçilik tapgyryboýunçagoýberilýär. Içi krem huruşlyş okolad taýýarlanylanda bolsa, ilki, galybakremguýlup,üstüne şokolad örtügi örtülýär. Soňra taýýar bolan süýjüleri ýörite enjamlardagaplamakişiamalaaşyrylýar.Çig mallardan taýýar önüm emele gelýänçä, jemi 4 sagattöweregiwagtsarpedilýär. Telekeçi Begmyrat Işanowyň «Oguzhan» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanasynda işçi-hünärmenleriň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertler üpjün edilendir. Häzirki wagtdakärhanada her çalşykda 30 töweregi işgär zähmetçekýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Begmyrat Işanow kärhanada alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi: — «Oguz han» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanamyz ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, dürli görnüşli önümleriň bolçulygynyň döredilmegi bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatynyň netijesinde önümleriň täze görnüşlerini öndürmek, önümçiligiň geriminigiň eltmek boýunça degişliişleri alyp barýarys.Süýji önümlerini daşary ýurtlara eksport etmek hem iň esasy maksatlarymyzyň biridir. Türkmen telekeçilerine döredijilikli zähmet çekip, täze üstünlikleri gazanmaga uly şertleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşy hemde eziz Watanymyzyň ösüşi ugrunda alyp barýan asylly işleri mundan beýläkde rowaç alsyn!
Çary ÇARYÝEW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, Türkmenistanyň Senagtçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzasy