Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Döwletli işlere badalga

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegini, onuň binýadynda halkymyzyň şöhratly taryhynyň, milli binagärlik ýörelgeleriniň bardygyny, bu ýerde täze şäheriň gurulmagy bilen taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň atlarynyň ebedileşdirilmeginiň guwançly ýagdaýdygyny öz çykyşlarynda belläp geçýär. Bu gün täze şäheriň ösüşinde ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz aýdyň beýanyny tapýar.

Mälim bolşy ýaly, golaýda, has takygy 9-njy oktýabrda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Arkadag şäherinde binalary we desgalary gurmak hakynda» Kararyň taslamasy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz bu Kararda bellenen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etmek bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzda geçirilýän özgertmelere goşýan goşandyny has-da artdyrjakdygyny, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna uly itergi berjekdigini belläp geçdi.

Merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar toplumynyň hatarynda iki gatly ýaşaýyş jaýlary, seýilgäh zolaklary, häzirki zaman kommunikasiýalar ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklary, ýol hereketiniň statistiki hasabatlaryny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiligi bar.

Täze şäheriň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda häzirki zamanyň dünýä tejribesiniň ulanylmagy milli şäher gurluşygynyň häzirki zaman meýillerine laýyk derejede ösdürilmegine ýardam berer.

Bu gün Arkadag şäherini synlanyňda göwnüň galkynýar. Onda giň we ýagty otaglary, içinde ähli amatlyklary bolan, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ulanylýan enjamlar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Döwrüň talabyna laýyk gelýän çagalar baglary, multimedia enjamlary bolan umumybilim berýän orta mekdepler, iň häzirki zaman tehnikalary, lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan hassahanalar we saglyk öýleri, sport, medeni, söwda maksatly binalar guruldy. Döwrebap ýollar, geçelgeler gurlup, ähli binalaryň daş-töweregi abadanlaşdyryldy. Durmuş hyzmaty ulgamy ýola goýuldy. Bir söz bilen aýdylanda, şäher ilatynyň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamaklary üçin ähli şertler döredildi.

Ynha, şeýle ajaýyp şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň başlanmagyna ak pata berilmegi bizi has-da begendirdi, buýsandyrdy, täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Goý, döwletimizi we halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrýan, ýurdumyzy ägirt uly gurluşyklar meýdanyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ähli tutumly işleri rowaç alsyn!

Arslan TÄŞLIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň başlygy