Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Arkadagly Serdarymyz, Siz bilen Garaşsyzlyk toýun toýlaýar älem!

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň eşretleri bilen ýaşamagyň, işlemegiň, döretmegiň, gurmagyň lezzetini her-bir ädimde duýup ýaşaýarys. Oguzhandan gözbaş alyp gaýdýan türkmen döwletimiz bu gün asudalyga we abadanlyga alyp barýan Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Garaşsyz Watanymyz indi çärýek asyrdan gowrak wagt bäri bu parahatçylyk ýoly bilen ýöräp, ösüşlerden ösüşlere, ýeňişlerden ýeňişlere barýar. Ýurdumyzyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan asylly däbi bolan dünýä ýurtlarynyň halklary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň düýp özeninde hem asudalyga, abadanlyga hormat, birek-birege ynanyşmak, goňşyny goldamak ýaly ýagşy niýetler jemlenendir.

Beýik Akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, ýurdumyzyň garaşsyzlygyny alan günümiz halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.  Soňky çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýer ýüzünde dostlugy, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde oňyn netijelerini görkezdi.  Häzirki döwürde ýurdumyz dünýäniň garaşsyz döwletleri bilen özara gatnaşyklarynyň dürli görnüşlerini öz içine alýan hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň esasynda amal edilen bu beýik işler Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen taglymy bilen has-da işjeň häsiýete eýe bolýar.   

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly, ynsanperwer syýasatyny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlary netijesinde döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Berkarar Diýarymyz, eşretli zamanamyz, nurana sabalarymyz, ýagty ertirlerimiz mähriban halkymyzyň döwletli-döwranyny nazarlaýan mukaddes taglymatdyr.

Garaşsyzlyk, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň göwünlerini ganatlandyrýar, ruhuny has hem belentliklere göterýär. Eziz Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin uly rowaçlyklary amal edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýar. Garaşsyzlyk baýramynyň belleniljek günlerinde ak şäherimiz, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş–medeni ähmiýetli binalaryň birnäçesi dabaraly açylar we ulanylmaga berler.

Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlany. Türkmen halky bu gün öz bagtyna, döwletli döwranyna, bagtyýar zamanasyna buýsanýar. Çünki Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň berkarar ýurdumyzda ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary ata Watanymyza, halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr. 

Türkmen topragynda asudalygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň we bagtyýarlygyň höküm sürmegi ugrunda dünýä nusgalyk işleri bitiren Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, öz halkyny oňyn Bitaraplyk ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! 

Zerhal Narmamedowa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy