Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy sapak geçdi.
Bu umumy sapak biz telekeçileri hususanda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýaş telekeçileri has-da öz işine bolan höwesini artdyrdy. Hut Arkadagymyzyň ýaş nesillerimizi hemme taraplaýyn goldamagy, olary höweslendirmegi gaty buýsandyrýar.
Yzly-yzyna gelýän milli baýramlarymyz we senelerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerimiziň, rowaçlyklarymyzyň toýydyr. Bagtyýar halkymyz her bir baýramyny milli buýsanç, ýokary ruhubelentlik bilen uludan toýlaýar.
Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň binýadyna öwrülen Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan toýuň baş baýramymyzdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz ýene sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine 32 ýylyň dolýandygyny, bu senäni şanly wakalar, döredijilik hem-de zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrjakdygymyzy aýtdy.
Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine, okuw-terbiýeçilik toplumyna, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdeplere, çagalar baglaryna körpelerimiz, okuwçy hem-de talyp ýaşlarymyz ruhubelentlik bilen gadam basdylar. Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda çagalar baglarynyň hem-de orta mekdepleriň onlarçasy dabaraly açyldy. Birinji synpa kabul edilen okuwçylarymyzyň ýurdumyzda öndürilen “Bilim” atly kompýuterler sowgat berildi.
Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Bu ajaýyp dabaralar Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhyna, häzirki beýik döwrüne we nurana geljegine bolan söýgimizi, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da berkidýär.
Ykbalymyzdan parlak Gün bolup dogan Garaşsyzlygymyz türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açdy, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi. Bu dünýäde ykrar edilen hakykatdyr.
Ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistan döwletimizde Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýy toýlanar.
Hormatly arkadagymyzyň bu ajaýyp çykyşy uludan kiçä, ähli halkymyzy buýsandyrdy.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Dowam bolsun!” atly goşgusyndan:
Asman-Zemin arasy –
Giň dünýämiz parahat!
Güller açsyn gül Watan,
Köňüller bolsun rahat!
— diýen bendi okap, bu setirleriň Ýer ýüzünde adamzadyň beýik gymmatlyklary bolan parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrmak baradaky arzuwlarydygyny nygtady.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary açyldy. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Bularyň ählisi parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, dost-doganlygy öňe sürýän döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýär.
Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenler döwlet döretmekde, ony dolandyrmakda, adalatly jemgyýeti gurmakda baý tejribesi bolan halk hökmünde tanalypdyr.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow umumy sapagy dowam edip, Oguz han atamyzyň biziň nesilbaşymyzdygyny we ilkinji türkmen döwletiniň düýbüni tutujydygyny belläp, Watany söýmek, halka wepaly bolmak, batyrlyk we edermenlik, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýaly ajaýyp milli häsiýetleriň kemala gelmeginiň Oguz han, Gorkut ata, Togrul beg we Çagry beg, Ärtogrul Gazy, Alp Arslan, Jelaleddin Meňburun, Salyr Gazan, Görogly beg, Keýmir serdar ýaly beýik şahsyýetleriň ady bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
Gadymy türkmen topragynyň Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Dehistan, Köneürgenç, Abiwerd ýaly ylym hem medeni merkezlerinde ylmyň, şygryýetiň görnükli wekilleri bolan Mahmyt Kaşgarly, Al Faraby, Omar Haýýam, Jelaleddin Rumy, Hoja Ahmet Ýasawy, Abusagyt Abulhaýyr, Ibn Sina ýaly ägirtler ýaşapdyrlar we döredipdirler.
Nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Andalybyň, Magrupynyň, Mollanepesiň, Keminäniň, Zeliliniň, Seýdiniň, Şeýdaýynyň döredijiliginiň türkmen halky we tutuş adamzat üçin belli bahasy ýokdur.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy:
Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Gül-gunçasy — gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň —–
diýip, ata Watana, mähriban halka bolan buýsanjyny şahyrana setirleriň üsti bilen çeper beýan edipdir diýip, alym Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda gahrymançylykly taryhymyzyň hemmetaraplaýyn, çuňňur, dogruçyl öwrenilmegi we dikeldilmegi şöhratly geçmişimize bolan beýik milli buýsanjy döretdi. Biziň baý taryhymyz, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, nepis halylarymyz, wepadar, ýyndam bedewlerimiz, edermen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde millet hökmünde tanalmagymyzy şertlendirýän milli buýsanjymyzdyr, mertebämizdir.
Ýurdumyzda her ýylyň döwrebap şygarlar bilen atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýyllara dakylýan atlaryň agzybir halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýandygyny nygtady.
Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň esaslaryny berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde jemgyýetimiziň ähli ýaşdaky wekilleriniň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, biz 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip belent at berdik diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň şygarynyň ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de halkara syýasy, ykdysady, medeni giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň hem-de bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdan nyşandyr. Watan, ýaşlar, geljek baradaky mukaddes düşünjelerimiz bu şygaryň düýp mazmunyny düzýär.
Her bir ynsan üçin şahsy zähmetiniň jemgyýet tarapyndan ykrar edilmesinden ýokary sylag ýokdur. “Adam eli — gyzyl gül” diýipdirler. Agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, ynsan hem özüniň zähmeti bilen meşhurlyga eýe bolmalydyr. Ýaşlarymyz öz zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşýandyklaryna oňat düşünmelidirler.
Zähmetsöýerlik hazynadyr!
Zähmetsöýerlik bagtdyr!
Zähmetsöýerlik rahatlykdyr!
Zähmetsöýerlik bagtyýar we uzak ýaşamakdyr!
Belent maksatlara ýetmek üçin ýaşlar zähmeti özlerine hemişelik hemra edinmelidirler.
Bagtyýar ýaşlar bilen biziň halkymyz bagtlydyr!
Bagtyýar ýaşlar bilen Watanymyz bagtlydyr!
Bagtyýar ýaşlar bilen döwrümiz hem dünýämiz bagtlydyr!
Hormatly, Gahryman Arkadagymyza şeýle ajaýyp zamanada ýaşaýanlygymyz hem-de Türkmen halykynyň ösüşini bir sapaga jemläp bize beren täsirli çykyşy üçin uly köp sagbolsun aýdýarys.
Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
Enejan Geldiýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.