Toýlar toýlara ulaşýan diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýene sanalgyja günden ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ajaýyp baýramçylyk – Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilip geçiler. Ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde ilkinji jaňlar kakylyp, ak mekdeplerde täze gadamlar bilen täze okuw ýylyna başlanylar. Şol bir wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem täze okuw ýylynyň ilkinji güni mynasybetli dabaraly çäreler gurnalyp, täze okuw ýylynyň üstünliklere beslenmegi arzuw ediler. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly sepgitlere, ajaýyp üstünliklere ýetilýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijelerinden nyşandyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň çäklerinde ugurlaryň islendik görnüşi boýunça bedew bady bilen ösýän diýarymyzda, ylym-bilim röwşen geljegiň binýady, abadan ýaşaýşyň açary hasaplanýar. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň sany artdyrylýar, olara okuwa kabul edilýän talyplaryň sany bolsa ýylsaýyn köpelýär, ýokary we orta okuw jaýlarynyň döwrüň talaplaryny ödeýän täze binalarynyň gurulmagyna uly ähmiýet berilýär. Asuda-parahat diýarymyzda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň gözel künjeginde S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binasynyň, dünýäniň soňky tehnologiýalary bilen üpjün ediljek, talyp ýaşlara amatly şertlerde bilim almak, sport bilen meşgullanmak, asuda dynç almak üçin ähli amatlyklary bolan, umumy ýaşaýyş jaýlaryny, sport meýdançalaryny, dynç alyş zolagyny, kitaphanalary we naharhanalary öz içine alýan binalar toplumynyň tiz wagtda gurluşygynyň düýbiniň tutulmagyna garaşylýar. Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerine şeýle uly ünsüň berilmegi hem bu aýdylanlara kepil geçýär. Häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha döwrebap we kämilleşen şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletimizde türkmen halkynyň iň ýokary gymmatlyklaryny, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan bilim syýasatyna aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzyň döwlet syýasaty ýokarda agzalan ýörelgeleri gyşarnyksyz netijeli durmuşa geçirmek arkaly milli bilim ulgamynyň ýokary ösüşe eýe bolmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda 12 ýyllyk umumy orta bilim ulgamy hereket edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde iki basgançakly ýokary hünär bilim maksatnamasyna geçilmegi, dünýäniň bilim ulgamynyň tejribeleriniň milli bilimiň işine tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy amala aşyrylýar. Umuman, bilim ulgamynyň ähli basgançaklary dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrylýar. Bu ösüşler, elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirýän bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeleri bilen şertlendirilýär. Asuda-parahat diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem “Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, giň gerimli bilim özgertmeleri dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. “Bilimli nesil- kuwwatly Watan” diýilmeginiň aňrysynda uly many bar. Çünki berkarar ýurdumyzyň ösüşi, kuwwaty bilimli nesil bilen berk baglanyşyklydyr. Ylym-bilim bilen öňe gidip, belent sepgitlere ýetiljegi iki uçsyzdyr. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen hem bagtly geljegi şu günki ýaş nesilleriň elindedir. Ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, ýurdumyzyň sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Merdan Nowruzow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.