Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda üç dogan halkynyň Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklar täze derejä çykdy. Bu gatnaşyklaryň binýady ýakyn goňşularyň taryhy, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary energiýa, transport we oba hojalygydyr. Demir ýol gatnawlary we halkara ýol ulaglary pudagynda hem üstünlikli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegi bilen döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady hem berkidildi. Iki döwlet tarapyndan kabul edilen resminamalaryň giň toplumy syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, maýa goýumlary, salgyt we gümrük ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. Ynsanperwer gatnaşyklarynyň çäklerinde ýurdumyzda Täjigistanyň Medeniýet günleri we Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň konsert çykyşlary yzygiderli gurnalýar. Ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hem alnyp barylýar. Şeýlelik-de, ýurdumyzyň talyplary Täjigistanyň ýokary okuw mekdeplerinde we ýurdumyzyň bilim edaralarynda täjigistanly talyplar hem okaýar. Iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykdy. Bu bolsa Türkmenistanyň we Täjigistanyň ilatynyň has ýakyn gatnaşyklary gurmak, halklaryň mümkinçiliklerine we zerurlyklaryna laýyklykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga bolan islegi artdyrýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Iki döwletiň dost-doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Iki ýurduň halklarynyň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde we däp-dessurlarynda hem umumylyklar köpdür. Iki döwletiň hem Aziýa yklymynyň merkezinde geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy möçberde hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan we Özbegistan söwda-ykdysady hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlarynda geljegi uly ugurlary ösdürmek boýunça utgaşykly gatnaşyk edýärler. Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşi syýasy gepleşiklere, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ulgamlarynyň giňeldilmegine, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça ysnyşykly gatnaşyklara esaslanýar. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, milli bähbitlere esaslanýan açyk we oňyn görnüşde alnyp barylýar. Munuň şeýledigine Özbegistan Respublikasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakyndaky degişli Kararnamalarynyň kabul edilmeginiň awtordaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy halkara bileleşigiň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryny birleşdirmek işine mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üsti bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem-de abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen amala aşyrylýar. Hususanda, Özbegistan Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna howpsuz üstaşyr geçirmek, ählumumy ulag we halkara gatnaşyklaryň beýleki meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek ulgamynda başyny başlan iri resminamalaryň birnäçesiniň awtordaşy bolup durýar. Ýokary derejede özara ynanyşmaga beslenen gatnaşyklar ösüşleriň yzygiderli depginli bolmagynyň hem-de hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm ýagdaýy bolup durýar. 2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleriniň arasynda serhetýaka Türkmen-Özbek söwda zolagyny – Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyga gol çekilipdi. Özbegistanyň paýtagtynda ýerleşýän “Aşgabat” seýilgähi şeýle-de paýtagtymyzda ýerleşýän “Daşkent” seýilgähi häzirki wagtda iki şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç alýan iň söýgüli ýerleriniň biri bolup durýar. Ýaňy ýakynda ýagny şu ýylyň awgust aýynyň 4-ine paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn ýokary derejedäki sammit geçirildi. Geçirilen ýokary derejedäki sammitiň dowamynda döwletleriň geljekki ösüşlerini nazarlaýan birnäçe ugurlara seredildi. Esasan suw üpjünçiligi, suw serişdelerini rejeli dolandyrmak ýagny suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli suw hojalyk desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, energetika hyzmatdaşlygy, ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek ýaly birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Goý, ata Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Maksat Meredow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy