Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

«AKYLLY» ŞÄHERIŇ AÝDYŇ NUSGASY

Täze, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri tutuş Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň giňişliginde deňi-taýy bolmadyk Türkmenistanyň täsin şähergurluşyk taslamasydyr. Halkara güwänamalaryň we baýraklaryň 21-si bilen sylaglanan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň açylmagy diňe bir Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň esasy wakalarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bezegine öwrülen aýratyn ähmiýetli waka boldy. Çünki ol Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini, zähmetsöýer halkymyzyň ýokary durmuş derejesine ymtylyşyny bütin dünýä aýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde belläp geçişi ýaly, ýerli gurluşykçylar tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda şular ýaly şäheriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygyny görkezýär, ol soňky ýyllarda Garaşsyz Watanyň ösüşi üçin amala aşyrylan beýik işleriň subutnamasydyr. Hut şonuň üçin-de Arkadag şäheri dünýä ýüzüniň habar beriş serişdeleriniň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Giňden tutulan dabaralara Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Wengriýanyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Fransiýanyň we Ýaponiýanyň 29 sany halkara habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlarynyň, internet-portallarynyň wekilleri gatnaşyp, ähli çäreleriň türkmen we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan onlaýn görnüşde beýan edilmegi hem-de öňdebaryjy habarlar internet-platformalarda ýerleşdirilmegi biziň öz ýurdumyzyň üstünliklerine buýsanjymyzy öňküden-de artdyrdy. Häzirki wagta çenli täze şäheriň açylmagyna bagyşlanyp iki ýüzden gowrak täzelikler we wideomateriallar dünýäniň habar beriş serişdelerinde neşir edildi. Bu habarlarda täze şäheriň sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalary özünde jemleýän «akylly» şäheriň aýdyň mysaly bolup durýandygy bellenilýär. Köp sanly myhmanlaryň hatarynda Çelýabinsk sebitiniň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Gluharýow döwrebap Arkadag şäheriniň açylmagyny dünýä derejesindäki waka hasaplaýandygyny aýtdy diýip, «SNG.Today» habar berdi. Şäheriň gurluşygynda iň ösen maglumatkommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy, jemgyýetçilik ulaglarynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň ornaşdyrylmagy, onda ýaşyl zolaklaryň we sanly dürli hyzmatlaryň döredilmegi ilat üçin amatly hemde howpsuz durmuşy üpjün eder. DÖM 11 «Durnukly şäherler we ilatly ýerler» hut şu şertleri şäherleriň we ilatly ýerleriň açyklygyny, howpsuzlygyny, ýaşaýşa ukyplylygyny we daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Arkadag şäheri bolsa bu ählumumy maksady durmuşa geçirmek üçin mynasyp nusgadyr.

Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.