Telekeçiligiň kuwwatly öndüriji güýç hökmünde ýurdumyzyň halk hojalygynda eýeleýän orny ýylsaýyn ýokarlanýar. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz: “Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys” diýmek bilen türkmen telekeçileriniň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli uly tagallalaryna ýokary baha berýär. Bu tötänden däldir. Çünki, Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwlete degişli bolmadyk bu çygyr — telekeçilik çalt depginlerde ösdürildi. Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň yzygiderli aladalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulygyny üpjün etmekde ýokary netijeler gazanyldy. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň we harytlaryň mukdaryny düýpli azaltmaga mümkinçilik berdi. Ösüşli sepgitleri ynamly külterleýän hususyýetçilerimiz ajap eýýamymyzda has-da gowy görkezijileri gazanýarlar. Has takygy, soňky ýyllarda telekeçilerimiz özleriniň harytlaryny we önümlerini dünýäniň dürli döwletlerine eksport etmekde-de işjeňlik görkezýärler. Şeýle bähbitli işleriň giň gerime eýe bolmagynda welaýatymyzyň işewürleriniň bitirýän işlerem guwandyrýar. Indi özleriniň ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri we harytlary bilen daşary bazarlara çykýan telekeçilerimiziň sany barha artýar. Bu bolsa hususy kärhanalaryň maliýe-hojalyk ýagdaýlarynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ösüş-özgerişli depgini başdan geçirýän milli ykdysadyýetimizde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe düýpli özgertmeleriň netijesinde belent sepgitlere eýe bolunýar. Hormatly Prezidentimiz telekeçiligi ösdürmeklige uly üns bermek bilen, bähbitli tagallalara badalga berýär. Indi türkmen telekeçileriniň yhlas-tagallalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulugy döredilýär. Täze iş orunlary peýda bolýar. Şeýle tutumly işler bolsa, il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna giň ýol açýar. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli şu işlerde welaýatymyzyň telekeçileriniň bitirýän işlerem guwandyrýar. Olar ilatyň ýokary islegli harytlaryny we önümlerini öndürmekde, dürli hyzmatlary edip bermekde il alkyşyna mynasyp bolýarlar. Partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary telekeçilerimizi hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmäge jemlemekde netijeli işleri geçirýärler. Bu işler wagyz-nesihat çäreleri bolup, biz olaryň täsirliligini gazanmaga çalyşýarys.
Myratgeldi ANNAÖWEZOW. TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.