Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Zeminiň gelşigi — Mährem zenanlar

   Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli toý-dabaralar giň gerim alýar.

-Ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni giňden dabaralandyrylýar. Her ýyl däbe öwrülen, milli ýörelgelere laýyklykda geçirilýän bu ajaýyp baýram döwletimizde gelin-gyzlara bolan mähirli gatnaşyklary äşgär edýär.

Täze taryhy eýýamyň zähmetsöýer zenanlary milli ruhy gymmatlyklary hem-de halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny döwrebap derejede dowam etdirmek bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barýarlar we ata Watanymyzyň belent derejelere ýetmegine, hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmak arkaly jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar.

Eziz Diýarymyzyň zenanlary her ýylda döwlet sylaglaryna, ordenlere we medallara mynasyp bolýarlar. Milletiň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini, medeni-mirasymyzy wagyz etmekde, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri döwrebap derejede terbiýelemekde olaryň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemelidiris.

Eneler we çagalar baradaky alada, maşgala gymmatlyklaryny saklamak, gelin-gyzlaryň döredijilik we aň-bilim kuwwatyny ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilýär, olaryň saglygyny goramaga, çagalaryň doly derejeli ösüşini üpjün etmäge, köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna iberýän baýramçylyk Gutlagynda hem enelerimize, zenanlarymyza we gyzlarymyza watansöýüjilik, pähim-paýhas, salyhatlylyk, ak ýüreklilik, gaýratlylyk, wepadarlyk, mertlik, ar-namyslylyk, mylaýymlyk ýaly ýörelgeleriň mahsusdygy nygtalýar. “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň, milletimiziň abraý-mertebesiniň dünýä dolýan Siziň bu asylly häsiýetleriňiz ahlaklylygyň we gözelligiň ajaýyp nusgasy bolup durýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana hem-de ýurdumyzyň ähli zenanlaryna, edaralarda we kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlara, hormatly dynç alyşdaky enelere, okuwçy gyzlara we çagalar baglarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara pul sylaglaryny gowşurmak hakyndaky buýruga gol çekdi.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de etraplarynda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri hormatlamak dabaralary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň köp çagaly maşgalalara täze jaýlaryň açarlaryny gowşurmak barada beren tabşyryklary mährem eneleriň baýramçylyk şatlygyny has-da belende göterdi.

Bu dabaralar milletiň ahlak gymmatlyklarynyň nusgalykdygyny, halkymyzyň gadymy mukaddes däplerine ygrarlydygyny alamatlandyrdy. Şunda, öý-ojaklaryň söýesi hasaplanylýan mährem enelere möhüm orun degişlidir.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň welaýatlarynda “Ýylyň zenany” we Ýylyň telekeçi zenany” atly bäsleşigiň ýeňijilerini hormatlamak dabarasy boldy. Olar dürli ugurlarda, telekeçilik, jemgyýetçilik we hünär durmuşynda, ýaş nesilleri terbiýelemekde, milli medeni mirasymyzy wagyz etmekde, harby we hukuk goraýjy düzümlerde işjeňlik görkezmekde, oba hojalygyny we senagaty ösdürmekde uly üstünlik gazanan zenanlardyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetleri tarapyndan ýurdumyzyň edaralarynda we kärhanalarynda, pudaklaýyn dolandyryş düzümlerinde, hojalyk jemgyýetlerinde okuw jaýlarynda enelere, gelin-gyzlara bagyşlanan dürli medeni-köpçülikleýin çäreler dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Geçirilýän dabaraly çäreleriň esasy özeni Halkara zenanlar güni mynasybetli, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy boldy.

Mart aýynyň 3-ne Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän “Lebap” toý mekanynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlarynyň hormatyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi. Onda welaýatyň meşhur estrada aýdymçylary, medeniýet müdirliginiň tans toparlary, dürli aýdym-saz we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri çykyş edip, gelin-gyzlary mübäreklediler. Partiýanyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komiteti tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

Konsertiň başynda gelin-gyzlara bagyşlanan gutlag sözleri, edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Medeniýet işgärleriniň dürli öwüşginli ajaýyp çykyşlary zenanlara bolan bimöçber söýgi, öý-ojaklaryň söýesi, däp-dessurlary saklaýan, mähir, hoşniýetlilik eçilýän hem-de aladaçyl enelere bagyşlanan sena bolup ýaňlandy. 

Estrada çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary, baýramçylyk gutlaglary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Ajaýyp aýdymlar arkaly türkmen baharynyň we mährem gelin-gyzlaryň gözelliginiň waspy ýetirildi. Munuň özi şahyrlary, kompozitorlary we aýdymçylary belent döredijilige ruhlandyrýan gymmatlyklar bolup durýar.

Maşgalada esasy ornuň enelere, mährem zenanlara degişlidigi gürrüňsiz hakykatdyr. Munuň özi ruhy, medeni bitewülige, birek-birege bolan söýgä we alada esaslanýan köpasyrlyk ýörelgeleriň mynasyp dowamydyr.

Welaýatymyzyň ähli gelin-gyzlary, jemgyýetçilik guramalarynda we syýasy partiýalarda zähmet çekýän mähriban zenanlarymyz  “Halkyň Milli Lideriniň”, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Döwletimizde oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, parahatçylygyň we döredijiligiň möhüm şerti bolan abadan durmuşyň üpjün edilmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin Milli Liderimize, Arkadagly Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary M.Nowruzow