Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ýurdumyzyň syýasy ulgamynda öz mynasyp ornuny eýelеýär. Munuň şeýledigini golaýda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy aýdyňlygy bilen görkezdi.
Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gatnaşyjylary bir ýere jemlän gurultaýyň dowamynda geçen döwürde alnyp barlan işlere seljerme berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýyň işine gatnaşmaga ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy. Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, häzirki zamanyň bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy ulgamyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, türkmen hususyýetçiligine milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde toplum emele getiriji ugurlaryň biri hökmünde garalýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda kiçi we orta işewürligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin hukuk, syýasy, maliýe hem-de durmuş taýdan oňyn şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiziň Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň mundan beýläk-de yzygiderli goldanyljakdygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda syýasy-demokratik özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilişi ýaly, syýasy partiýalara döwleti we ýerli özözüňi dolandyrmakda halk wekilçiliginiň üsti bilen amala aşyrylýan demokratik dolandyryş işlerine kanun esasynda gatnaşmaga şert döredilýär. Şeýle wajyp işlerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy watançylyk ruhunyň, syýasy erkiň we halk bähbitli işlere döredijilikli çemeleşmegiň oňat nusgasyny görkezmäge çalyşýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri öz öndürýän önümleri, hödürleýän hyzmatlary, ýerine ýetirýän senagat, gurluşyk, oba hojalyk işleri bilen içerki bazarda pugta orun eýeläp, özüni tanadan hususy kärhanalaryň, telekeçileriň, senagatçylaryň hatarynyň barha artýandygyny guwanç bilen bellemek mümkindir. Olar milli we halkara maliýe-ykdysady kanunlaryny, hukuk düzgünlerini yzygiderli özleşdirýärler. Hususy işi guramagyň, giňeltmegiň, harytlary we hyzmatlary ýerleşdirmegiň, menejmentiň we mahabat işleriniň öňdebaryjy tejribelerini ynamly ele alýarlar. Bazar gatnaşyklarynyň binýatlyk esaslaryny kemala getirmekde döwlet bilen telekeçileriň işleriniň utgaşdyrylmagy bilen, ýyl-ýyldan gerimini giňeldýän hususy eýeçilikde ösüş ýollary anyklaşdyrylýar, kesgitli häsiýete eýe bolýar. Türkmen işewürleri öz toplan tejribelerini, ykdysady-maliýe güýçlerini diňe bir çalt peýda gazanyp bolýan işlere dälde, döwletimiziň, halkymyzyň gülläp ösüşleri üçin bähbitli, has gerimli işlere gönükdirip başladylar. Döwlet tarapyndan telekeçilik işleriniň goldanylmagy, onuň ösüşlerini çaltlandyrmak barada döredilýän zerur şertler telekeçilere möhüm döwlet maksatnamalaryny, taslamalary ýerine ýetirmäge öz mümkinçilikleri bilen giňden gatnaşmaga giň ýol açýar.
Arslan TÄŞLIÝEW, TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.