Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

INNOWASION PUDAKDA TELEKEÇILERIŇ ÜSTÜNLIKLERI

Beýik galkynyşlaryň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek babatda başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda has-da rowaçlanýar. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşini işjeňleşdirmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň hususy telekeçilik düzümleri tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleriň täze görnüşleri özleşdirilýär. Häzirki döwürde milli kärhanalar tarapyndan öndürilýän ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply harytlaryň möçberleri hem görnüşleri barha artýar. Türkmen telekeçileri ykdysadyýetiň täze pudaklarynda, şol sanda sanly ykdysadyýeti, elektron senagaty ösdürmekde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirýärler.

Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin jemgyýetiň, işewürligiň we dolandyryş edaralarynyň bir wagtda we deň derejede sanlylaşdyrylmagy möhüm şert bolup durýar. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň depgini ýurdumyzyň täze ykdysady döwri üçin işgärleri taýýarlamak we täzeden okatmak depginleri bilen aýakdaş gitmek möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de, programmaçylar, inženerler, IT-hünärmenleri ýaly döwrebap hünär ugurlarynyň zerurlygy göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna täze ugurlar girizilip, ýaşlary döwrüň talabyna laýyklykda taýýarlamak boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär. 

Telekeçilik we işewürlik gurşawynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly hyzmatlaryň, elektron söwdanyň ösdürilmegi, innowasion çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagy we ornaşdyrylmagy döwrüň talabyndan ugur alýan zerurlyklardyr. Bu ugurlaryň ählisinde gazanylýan üstünlikler öňde goýlan wezipeleriň talabalaýyk berjaý edilýändigini tassyklaýar. Şu günler paý­tag­ty­myz­da dowam edýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we te­le­ra­dioýaý­ra­dyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» at­ly XVII hal­ka­ra ser­gi­si we yl­my mas­la­ha­ty hem bu hakykaty äşgär edýär.

Ýurdumyzda bäs­deş­li­ge ukyp­ly hä­zir­ki za­man ara­gat­na­şyk hyz­mat­lar ul­ga­my­ny hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak we ila­ta hö­dür­le­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp barylýar. Ara­gat­na­şyk eda­ra-kär­ha­na­lary­ny dö­ret­mä­ge hem-de döw­re­baplaş­dyr­ma­ga düýp­li ma­ýa go­ýum­lar gö­nük­di­ril­ýär. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň gur­lu­şy, mad­dy-enjamlaýyn, hu­kuk bin­ýa­dy döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lykda kä­mil­leş­di­ri­lip, düýp­li yl­my-teh­ni­ki öz­gert­me­ler, iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu işlere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy düzümler hem mynasyp goşant goşýar.

Ýö­ri­te­leş­di­ri­len fo­rum ýurdu­my­zyň hü­när­men­le­ri bi­len da­şa­ry ýurt­ly hyzmatdaşlaryň tej­ri­be alyş­magyn­da, giň ge­rim­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak­da, öza­ra bäh­bit­li taslama­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­mak­da we ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýedir. Ser­gi­de ýur­du­my­zyň te­le­kom­muni­ka­si­ýa­lar we komp­ýu­ter teh­no­lo­giýa­la­ry bazaryn­da, şol san­da teh­ni­ki tor­la­ra hyz­mat et­mek, te­le­ra­dio ýaýly­ma be­riş, wi­deo­gözegçi­lik we howpsuz­lyk ul­gam­la­ryn­da üs­tün­lik­li iş alyp bar­ýan hem-de yzy­gi­der­li ös­ýän hususy kär­ha­na­la­ryň, kom­pa­ni­ýa­la­ryň köp san­ly­sy öz hyz­mat­la­ry­dyr önüm­le­ri bi­len tanyş­dyr­ýarlar. «Aý­dyň gi­je­ler», «Im­dat elekt­ro­ni­ka», «Türkmenhemrasy», «Sitkom», «Beýik Ýü­pek ýo­ly», «Ýo­ka­ry til­si­mat­lar mer­ke­zi», «Üznüksiz çeşme» ýa­ly ho­ja­lyk jem­gy­ýet­le­ri­dir hu­su­sy kärha­na­la­ryň 30-a go­la­ýy ýur­du­my­zyň te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­myn­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ni gör­kez­ýär­ler. Olar­dan «Aý­dyň gi­je­ler» ho­jalyk jemgyýetiniň döw­let-hu­su­sy hyzmat­daş­ly­gy esa­syn­da alyp bar­ýan iş­le­ri has-da guwandyryjydyr. Ol dürli brendlerdäki we görnüşdäki elektronika önümçiliginiň gerimini ep-esli giňeldýär. 

Forumyň  çäklerinde  türkmen telekeçileri maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ugruna ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda döredilýän giň şert-mümkinçiliklerinden göwünleri galkynýan senagatçylar we telekeçiler täze taryhy eýýamda döredijilikli işläp, mundan beýläk hem ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak hem-de halkymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýan özgertmeleriň rowaçlanmagy ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Guwanç BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.