Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

GIŇ GERIMLI ÖZGERTMELER

Raýatlaryň saglygyny goramak we jemgyýetiň sagdynlygy hakynda aladalanmak döwletiň öňündäki möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Hut şoňa görä-de, berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni, şeýle hem sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Raýatlaryň saglygyny goramak üçin kanunçylyk özgertmelerini amala aşyrmak bilen birlikde, döwrebap lukmançylyk düzümleri, sagaldyş-dikeldiş merkezleri işe girizilýär.

Türkmen halkynyň milli lideri gahryman arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «saglyk» döwlet maksatnamasy häzirki döwürde-de üstünlikli amala aşyrylýar. Baş maksady ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de jemgyýetiň hemme taraplaýyn ösmegini üpjün etmek bolup durýan bu maksatnamanyň çäklerinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär. «raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» türkmenistanyň kanunlary munuň aýdyň mysalydyr.

Lukman arkadagymyzyň asylly işlerini mynasyp dowam edýän hormatly prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak ugrunda iňňän uly aladalar edilýär. Ýakynda türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap saglygy goraýyş düzümleriniň açylyp, ulanylmaga berilmegi watanymyzda ynsan saglygy hakynda edilýän aladalaryň nobatdaky aýdyň mysalydyr. Gahryman arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, paýtagtymyzda halkara sagaldyş- dikeldiş merkeziniň hem-de halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi, şeýle hem milli liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň xvi jildiniň çapdan çykmagy halkymyzyň kalbyna buýsanç duýgularyny çaýdy. Bu şatlykly wakalaryň yzysüre paýtagtymyzda akyldar şahyrymyz magtymguly pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi watanymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýdy.

Döwlet berkararlygymyzyň binýadyny berkidip, diýarymyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren gahryman arkadagymyzyň beýik işlerini dowamata besleýän hormatly prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty