24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakalaryň biri bolup, onuň barşynda milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagyny ösdürmek babatda-da belent wezipeler kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz umumymilli forumda eden çykyşynda maliýe bazaryny ösdürmegiň, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagyň döwrüň talabydygyny aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň, jemi içerki önümiň öndürilişiniň durnukly ösüş depgini saklanyp gelýär. Diýarymyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda giň gerimli işler alnyp barlyp, şu ýylyň dowamynda dürli maksatly binalardyr desgalaryň ençemesiniň açylyp ulanmaga berlendigini nygtamak gerek. Olaryň gurluşygynda hususy düzümler aýratyn işjeňlik görkezdiler. Şu ýylyň geçen dokuz aýynda welaýatyň çäginde hususy ulgamyň wekilleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynyň has köp gurlandygyny-da aýratyn bellemeli. Has takygy, şu ýylyň geçen döwründe welaýatda «Çemenli daglar» hususy kärhanasy tarapyndan 4 sany 4 gatly, 16 öýli, «Derkar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bolsa 4 sany 4 gatly, 4, 16, 24 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Bu döwürde «Nurly badalga» hususy kärhanasy 1 sany 4 gatly, 16 öýli, «Ak bagt» hususy kärhanasy bolsa 3 sany 4 gatly, her biri 16 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurdy.
Häzirki wagtda hem telekeçiler sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde welaýatyň dürli künjeklerinde iri gurluşyklary alyp barýarlar. Olardan Daşoguz Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýaýbaňlandyrylan, jemi 1500 maşgala niýetlenen 70 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu iri gurluşyk taslamasyny welaýatyň «Derkar», «Syrly dag», «Soltanyň bagy» hojalyk jemgyýetleridir «Sekiz ýyldyz», «Ykjam bina», «Dört diwar», «Saýlanan bina», «Merdana doganlar» ýaly hususy gurluşyk kärhanalary amala aşyrýarlar. «Sebit» hojalyk jemgyýeti we «Mähkem» hususy kärhanasy bolsa Köneürgenç etrabynda täze şäherçäni döretmek boýunça gurluşyk işlerini dowam edýärler. Bu ýerden akyp geçýän Hanýabyň üstünden etraby täze şäherçe bilen birikdirýän köpriniň gurluşygy «Ajaýyp köpri» hojalyk jemgyýetine ynanyldy. «Altyn gala gurluşyk», «Altyn tug» ýaly kärhanalar welaýatyň öz önümlerini daşary ýurtlara eksport ediji iri hususy düzümleriniň hatarynda tanalýar. Olar şu ýylyň dowamynda jemi 2500 tonna pomidory Russiýa, Özbegistan hem Gazagystan ýaly ýurtlara eksport etdiler. Telekeçi Amanbaý Ganjaýewiň ýolbaşçylyk edýän kärhanasy tarapyndan «Amantaý» haryt nyşanly egin-eşik önümleri, bag üçin mebeller, ekotorbalar ýerli ilat we eksport üçin taýýarlanylýar. «Çemenli daglar» hususy kärhanasy pomidor çeleklerini, polietilen haltalary, «Sekiz ýyldyz» hususy kärhanasy aýna-gapylary, «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti süýt we gatyk önümlerini, «Ak durna» hususy kärhanasy bolsa balygyň işbilini hem-de täze balyklaryň dürli görnüşlerini alyjylara hödürleýär. Telekeçi Ismaýil Ismaýilowyň ýolbaşçylyk edýän kärhanasynyň işçi-hünärmenleri hem nabat, gant, raçgi, karamel, arahis, gowrulan önümleri öndürip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen mynasyp garşy aldylar.
Welaýatyň çäginde iş alyp barýan hususy düzümleri, işewür telekeçileri has-da netijeli zähmet çekmäge höweslendirmek, olaryň önümçiligi giňeltmeklerine, yzygiderli döredijilik gözleglerinde bolup, önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmaklaryna ýardam bermek babatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti tarapyndan meýilnamalaýyn esasda degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar, Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan halk bähbitli özgertmeler bilen baglylykda, ilat arasynda, dürli edara-kärhanalarda wagyz-nesihat işleri-de alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli TSTP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň 90 sany ilkinji partiýa guramalary boýunça jemi 4,5 müňe golaý agzasy bar.
Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyryp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ähli ulgamlary, şol sanda hususyýetçiligi ösdürmek babatda taýsyz tagallalar edýän, munuň üçin zerur bolan döwrebap şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Maksut TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.