Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BEÝIK IŞLERIŇ BELENT YKRARY

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda gelip gowşan bu hoş habar ähli halkymyzyň ruhuny galkyndyrdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini tassyklaýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sporty ösdürmekde gazanan üstünlikleriniň aýdyň mysallarydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Milletler Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda wajyp orny eýeleýän ýurdumyz öz döredijilik mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrmaga çalyşýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa, öz gezeginde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galýandygyny ýene bir ýola äşgär edýär. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, dünýä derejeli sport ýurdy hökmünde ata Watanymyzyň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun! 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty