Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ADYŇ DILLERDE DESSAN

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 27-nji sentýabrynda döwlet derejesinde giňden belleniljek Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toý baýramçylygyna uly taýýarlyklar görülýär.

        Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysaly bolup, asudalygy söýýän halkymyzyň täze taryhynda ähmiýetli wakalaryň biridir. Garaşsyzlyk köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklarymyzyň, şeýle hem asylly ynsanperwer dessurlarymyzyň täzeden ýaýbaňlandyrylmagy üçin oňyn şertleri döretdi. Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyz özygtyýarly döwlet höküminde döwlet Garaşsyzlygyny berkarar etmekde parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk, milletimize gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýan milli ösüş ýoluny saýlap aldy. Bu ýol halkymyzy döwletli döwrana, rowaçlyga, ýagty gelejege, ýurdumyzyň gülläp ösmegine alyp barýan ýol bolup, eziz Diýarymyzyň adyny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazýar. Bu ýoluň her bir menzili taryhy ähmiýetli, syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň aýdyň hem şöhratly  wakalaryna beslendi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy we döwletimiziň halkara abraý-mertebesi has-da artdy.

      Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy, ýüze çykýan döwletara meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet höküminde giňden tanalýar. Ol umumyadamzat bähbidine, ähliumumy parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäde ähliumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goramak hem-de pugtalandyrmak, halkara energiýa we ulag ulgamlarynda özara bähbitli 

hyzmatdaşlyklary ýola goýmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlar boýunça öňe sürýän teklipleri dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Bu möhüm başlangyçlaryň ählisi bu gün sebit we dünýä ähmiýetli ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we işjeňleşdirmäge durnukly ösüş üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu günki gün Türkmenistan ykdysady we senagat taýdan ýokary ösüşlere eýe bolýan döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurda öwrüldi. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen miweleridir.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, adalatly syýasaty, türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri Garaşsyzlygyň diňe bir syýasy, taryhy ähmiýetini däl-de, eýsem, halkyň ýaşaýşynyň hilini özgertmekde möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyzlyk halkymyzyň bagtyýarlygydyr we bagtyýar ertire, Garaşsyzlyk halkyň milli millet  hökmünde dünýä döwletleriniň arasyndaky ykrar edilmesidir. 

     Özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda taryh üçin gysga döwürde durmuşa geçirilen işler, agzybir halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ýetilen sepgitler kalbyňy buýsanja besleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň 33 ýylyň içinde ýeten derejesinde nazar aýlanyňda il-ulusuň jebisliginde neneňsi güýç-kuwwatyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Sanlyja ýylyň içinde dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli tagallalary esasynda halkara giňişlikde özüni kuwwatly döwlet, ylalaşdyryjy merkez, dost-doganlyk mekany höküminde tanadan Türkmenistan bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. 

      Gysga döwrüň içinde dünýä döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyran Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini tassyklady. Ýurdumyz kuwwatly hem-de abadan döwlet höküminde dünýädäki abraýyny has-da berkitdi we ygtybarly, açyk, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrüldi. 

      Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň dogry ýoly saýlap alandygyna şaýatlyk edýär. 

       Goý, Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkara abraýynyň mundan beýläk hem şöhratlanmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Kakageldi Ordaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy.