Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda türkmen telekeçileriniň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady. Sarp edijileriň islegleriniň kanagatlandyrylmagy köp babatda hususy pudagyň alyp barýan işiniň netijeliligine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Diýarymyzyň telekeçileri milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşup, dürli pudaklarda netijeli işleri alyp barýarlar hem-de çylşyrymly we giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde daşary ýurt kompaniýalaryndan asla yza galmaýarlar. Ýurdumyzda hereket edýän hukuk resminamalary ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga giň ýol açýar.
Döwlet tarapyndan hususyýetçiligi ösdürmäge berilýän hemaýat-goldawlardan ruhlanyp zähmet çekýän balkanly telekeçileriň hem soňky 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda welaýat boýunça açylyp ulanmaga berlen döwrebap orta mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, medeni we sport maksatly desgalaryň, dürli görnüşli önümleri, senagat harytlaryny, gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny ýokary hil ülňülerine laýyk bina edendiklerini nygtamak gerek. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň hususy kärhanalary at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, günbatar sebitiň etrap merkezleridir şäherlerindäki, obalaryndaky ymaratlaryň, senagat maksatly dürli desgalaryň, gara ýollaryň gurluşygyny amala aşyrmakda-da ussatlyk görkezýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza bolup durýan hususyýetçileriň soňky gysga döwürde sebitde guran iri önümçilik we durmuş maksatly desgalarynyň sany barmak büküp sanardan geçýär. Olaryň hatarynda dürli senagat harytlaryny, çörek we konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalar, miweleri, gök-bakja, et önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlar, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan, gök önümlerdir miwelere ýöriteleşdirilen ýyladyşhanalar, bekre balygyny, onuň işbilini ýetişdirýän, gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanasy hem-de beýlekiler bar. Welaýatyň telekeçileri diňe bir gurluşyk işleri bilen çäklenmän, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk önümlerini, ir-iýmişleri, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, olary gaýtadan işlemek bilen hem meşgullanýarlar, ilata dürli görnüşli hyzmatlary hödürleýärler.
Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, balkanly telekeçiler hem her bir işde täzeçilligi, netijeliligi, halallygy ileri tutýarlar. Bu olaryň işiniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýär. Welaýat boýunça şu ýylyň geçen ýedi aýynda öndürilen jemi 11 milliard 718 million manatlykdan gowrak senagat önümleriniň deň ýaryndan agdygy, has takygy, 6 milliard 462 million manatlykdan köpüsi döwlete degişli bolmadyk bölegiň paýyna düşýär. Şunda hususyýetçilerimiziň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 118,5 göterime çenli ýokarlandyrmagy başarandyklary aýratyn bellärliklidir. Bu görkeziji döwlete degişli däl bölekde nah ýüplük öndürmekde 115 göterim, süýt we süýt önümleri babatda 105,2 göterim, çörek we çörek önümleri boýunça 109 göterim, gök önümler boýunça 11 göterim ýokarlandyryldy. Welaýatdaky mallaryň, guşlaryň hem agramly bölegi hususy eýeçilige degişlidir. Gürrüňi edilýän döwürde bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynda bitirilen işleriniň 90 göterimden gowragy hususyýetçiler tarapyndan amala aşyryldy. Bu görkeziji pul hasabynda 4 milliard 598 million manatlykdan-da artyk bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, gazanylan ösüş depgini 112 göterim artdyryldy. Geçen orak möwsüminde taýýarlanan azyklyk bugdaýyň hem deň ýaryna barabary welaýatyň hususy kärhanalarynyň, daýhan hojalyklarynyň paýyna düşýär.
Hususy pudakda gazanylýan üstünliklerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň alyp barýan wagyz-nesihat işler hem oňyn netijesini berýär. Häzirki wagtda partiýa agzalarynyň sany 4 müňe golaýlaýar. Döwlet tarapyndan telekeçiligi ösdürmäge berilýän taýsyz goldaw-hemaýatlar partiýa agzalarynyň sanynyň, olaryň dürli ugurlar boýunça işjeňliginiň artmagyny üpjün edýär. Balkanabatdaky «Giňdere», «Batly-Gadam», «Altynnurzaman», «Zürýada hyzmat» hususy kärhanalarynyň, Türkmenbaşy etrabyndaky «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň we «Hazarbalyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Bereket etrabyndaky «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen sergä üstünlikli gatnaşandygy-da bellärliklidir. Welaýatdaky hususy kärhanalaryň öndürýän önümlerine daşary ýurt bazarlarynda islegiň barha artýandygy-da buýsançly ýagdaý.
Häzirki günlerde balkanly telekeçiler beýik söz ussadymyzyň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny belent sepgitlere beslemek üçin has gaýratly zähmet çekýärler. Olar döwrüň ösüşlerine mynasyp goşant goşup, giň gerimli işleri alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.