Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERIMIZIŇ DABARALANMASY

Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, jemgyýetimiziň abadançylygy we ählumumy ruhy galkynyş Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan beýik işleriň ajaýyp miweleridir. «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda bu hakykat has -da aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, oňa häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 20 -nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edilip, oňa laýyklykda, bu umumy- milli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Asylly däbe görä, şanly senäniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň ösüş özgerişli ýolunda ýetilen sepgitleriň, gazanylan uly üstünlikleriň, bitirilen tutumly işleriň jemleri jemlener hem de belent sepgitlere ýetmek üçin täze wezipeler kesgitleniler.

Halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş ykdysady ösüşi, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi möhüm ähmiýete eýedir. Döwletliligi berkitmek, hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini ösdürmek, döwlet bilen raýatyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün etmek häzirki zaman türkmen jemgyýetini galkyndyrmakda wajyp wezipelerdir. Şu wezipelere ýetmek ugrunda Esasy Kanunymyza laýyklykda, halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen bilelikde ýerlerde döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hereket edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem döwletimiziň syýasy jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän çärä ýokary derejede taýýarlyk görýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygaryndan ugur alnyp, halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüligi we sazlaşygy ýurdumyzyň gülläp ösmegini, dünýädäki abraýynyň artmagyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny şertlendirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde-de belent maksatlara gönükdirilen derwaýys meseleler jemgyýetçilik wekilleri bilen ara alnyp maslahatlaşylyp, kabul ediljek döwletli çözgütler röwşen geljege uzaýan ýolumyza şugla saçar.

Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.