Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HALK MASLAHATY-BELENT ÖSÜŞLERIŇ BINÝADYNDA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Taryh üçin gysga wagtyň dowamynda ýurdumyz öz syýasaty, ösen ykdysady kuwwaty, ösen medeniýeti bilen dünýä döwletleriniň arasynda mynasyp orna eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasy esasynda ýurdumyzdaky alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty biziň ählimizi buýsandyrýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesindäki geçirilen çäreleri, ýurdumyzda amala aşyrylan özgertmeler biz üçin ýatdan çykmajak pursatlardyr.  Ýurdumyzda döwletiň we raýatyň milli kanunçylyk esaslaryna daýanýan gatnaşyklaryň sazlaşykly bolmagy berkemegi ýurdumyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan häsiýetlerdir. Halkyň asudalygy, parahat durmuşy üçin Gahryman Arkadagymyz   hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan düýpli aladalar edilýär.

         Şeýle belent maksatlar göz öňünde tutulyp, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada ileri tutulýan wezipeler girizilip, birnäçe halk bähbitli kararlar kabul edilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Watanymyzyň demokratik ýörelgeler esasynda hereket edýän ýokary wekilçilikli edaradygyny habar bermek bilen, döwürleriň nesiller bilen aýrylmaz arabaglanyşygyny, gadymy däplere ygrarlydygyny alamatlandyrýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän maksatnamalaýyn işler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesi bilen doly sazlaşýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde alnyp barylýan her bir özgertmeleriň sakasynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzy ösdürmek ýaly giň gerimli maksatnamalaryň bolmagy, ilkinji nobatda halk baradaky aladanyň nyşanydyr. Halk bilen maslahatlaşmak, halkyň pikirine sarpa goýmak ýaly asylly däpler şu günlerimize çenli dowam etdirilip gelinýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty esasy Kanunymyza laýyklykda hem-de umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelerimiz esasynda hereket edýän, halkyň bähbidini araýan ýokary wekilçiliki edara bolup durýar. Türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan özbaşdak döwletinde ýaşaýan her bir ynsan bu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize müň kerem alkyşlary aýdýarlar.

         Gadymdan bäri pederlerimiziň ýörelgelerine eýerip, döwletiň wajyp meselelerini ara alnyp maslahatlaşmak, halkyň agzybirligini berkitmek ýurdumyzda asylly däpleriň birine öwrüldi. Halk bilen jemgyýetiň sazlaşykly ösmegi, parahatçylygy üpjün etmek, birnäçe halk bähbitli, döwlet ähmiýetli maksatnamalaryň kabul edilmegi eýsem, türkmen halkynyň ykbalynyň göterilendigini habar berýär. Döwletliligi has-da kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini ösdürmek boýunça birnäçe işler biziň Konstitusiýamyzda öz beýanyny tapýar. Halk bilen geňeşip, oňyn çözgütleriň kabul edilmegi, ýurdumyzyň gülläp ösmegini, jebisligini üpjün etmek bilen, ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler barada maslahat etmek, halkyň wekilleriniň pikirini diňlemek, ýurdumyzda her bir raýata aýratyn sarpa goýulýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşuly nesilden başlap, ýaşlaryň pikirlerine çenli ýokary berilmegi bilen döwlet ähmiýetli birnäçe kararlaryň kabul edilip, ýurdumyzyň mundan   beýläk-de ösmegi üçin beýik tutumly işler göz öňünde tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli yhlasyndan binýat tapan ajaýyp Arkadag şäherimizde hem ýerlerde saýlaw toparlarynyň hereket etmegi, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wagyz-nesihat işlerini dowam etmekleri, nobatdaky Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly taýýarlyk görülýändiginiň subutnamasydyr.

Taryhda şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmak boýunça toplan tejribelerine daýanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilmegi taryhda uly özgertmeleriň biri bolup ýer alýar. Biziň ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynam bilen öňe barýar. Şeýle özgertmelere bizi şaýat edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli belent işleri rowaçlyklara beslensin.

Senem Çaryýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň baş buhgalteri.