Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

UMUMADAMZAT MEDENIÝETINIŇ ALTYN HAZYNASY

Ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly rowaçlyklaryň hem-de ajaýyp ýeňişleriň nurana döwri boldy. 
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarynyň dabaralanmasyna öwrülen şanly ýyllar ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri bilen şöhratlandy. Agzybir il-ulusymyz täze taryhy eýýamda döwrüň beýik galkynyşyny duýup, rowaç menzillere tarap ynamly gadam urýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giň gerimde bellenilmegi halkymyzyň baý edebi we medeni mirasyna goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanydyr. Bu babatda degişli kanunçylyk namasynyň, ýagny şu ýylyň 7-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýetiniň örän uly bolandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähim-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir» diýip belleýşi ýaly, akyldar şahyryň döredijiligi diňe bir halkymyzyň däl, eýsem-de, dünýä halklarynyň gymmatly genji-hazynasydyr. 

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen kabul edilen «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny hem beýik söz ussadynyň medeni mirasynyň hukuk binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň, oňa aýawly çemeleşmegiň ählumumy kadalaryna hem-de halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklara goýýan belent sarpasyndan ugur alnyp işlenip taýýarlanan täze kanunçylyk namasy Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu kanun 4 bapdan, 18 maddadan ybarat bolup, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň hukuk kepilliklerini berkidýär. 

Kanunyň birinji babynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, maksatlary we bu babatda döwlet goldawy degişli hukuklar boýunça kepillendirilýär. 

Kanunyň esasy maksatlarynyň hatarynda, Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň ähli taraplaýyn ylmy-barlaglaryň geçirilmegi, öwrenilmegi, wagyz edilmegi üçin şertleri döretmek boýunça işi hil babatda täze derejä çykarmak, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde we ösdürmekde, türkmen halkynyň şöhratly taryhyna çuňňur hormat goýmak we watançylyk ruhunda terbiýelemekde akyldar şahyryň pähim-paýhas hazynasyndan peýdalanmak, dünýä medeniýetiniň ösmegine uly täsir ýetiren beýik söz ussadynyň medeni mirasyny dünýä ýaýmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahyryň edebi mirasynyň sarpalanmagyna we öňde goýlan belent maksatlaryň hukuk binýadynyň berkidilmegine ýardam edýär.   

Täze taryhy döwürde hukuk döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmeler halkyň we ýurduň bähbitlerine gönükdirilen belent maksatly tutumlar bilen rowaçlanýar. Nurana ertirler, asuda säherler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  il-ýurt hakyndaky beýik maksatlary hem-de rowaç tutumlary bilen şöhratlanýar. Muny geçilen gysga taryhy döwür hem aýdyň görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimizde maşgala mukaddesligini berkitmek babatynda milli ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Maşgala – jemgyýetiň gymmatly baýlygy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly döwlet syýasaty hem jemgyýetimizde maşgala mukaddesligini berkitmäge gönükdirilendir. Bu babatda Maşgala kodeksiniň talaplarynyň berk berjaý edilmegi we kodekse döwrüň talabyna laýyklykda, özgertmeleriň girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Täze taryhy eýýamda ýaşlaryň döredijilik we zähmet güýjüne aýratyn uly bil baglanylýar. Şonuň netijesinde ýaş maşgalalary goldamaklyga aýratyn uly üns berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul etmegi bilen ýaş maşgalalary goldamak babatynda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary kesgitlenildi. 

Hakdan ýalkanan, Arkadagly Gahryman Serdar bilen galkynan ajaýyp döwrümiziň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Halkyň bähbidine gönükdirilip durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna amala aşyrylýar. Bu bolsa her birimiziň kalbymyzda jandan eziz Watanymyza, gülden görkli ene topragymyza bolan belent söýgüni döredýär. Halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugurnda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri diňe üstünliklere beslensin!

Maksut Toraýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.