Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BAL SÜÝJI – BALDAN-DA BALA SÜÝJI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimiz ösüşleriň täze sepgitlerini nazarlaýar. Toýlary-toýlara ulaşýan asuda diýarymyzda ýaşaýan türkmen halky bu gün ýagty geljege uly ynam bilen garaýar. Geljegimiziň buýsanjy bolan ýaş neslimiziň bagtyna guwanýar. Döwletiň binýady bolan ýaşlar bu gün ähli ugurlar boýunça kämillige ýetýär. 

Her-bir maşgalanyň körpejesi şol maşgalanyň altyn aşygy, ýürek buýsanjy. Heniz mekdep ýaşyna ýetmedik çagajyklaryň özünden ululara sylag-hormat goýmagy, edepli salam bermegi has-da ünsüňi çekýär. Şadyýan çagajyklaryň gülkisi bolsa göwünleri göterýär.  Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halky çaga edebine, onuň terbiýesine gaty inçelik bilen çemeleşipdirler. Gadymy ýazuw çeşmelerini yzarlasak, çagany doglan gününden däl-de, heniz ene göwresindekä terbiýeläp başlamagyň halkymyza mahsusdygyna göz ýetirýäris. Çaga diňe bir ene atanyň mähri, olaryň arzuwlary bilen däl, eýsem, maşgalanyň ähli agzalarynyň, ýakyn garyndaşlarynyň hossarlyk aladalary, görüm-göreldeleri bilen kemala gelýär. 

Halkymyzyň owadan däp-dessurlaryna eýersek,  täze doglan çaga at dakmagyň hem öz aýratynlygy bar. Çaga dakylan at ene-mamalarymyzyň ýüreginden syzylyp çykýan hüwdülerine siňip, çaga tä ese-boýa galýança, gursagyna guýulýar. Ata-enäniň mährini alan perzent hossarlaryna wepaly bolýar. Hossara wepaly çaga Watanyna hem wepalylygyny siňdirýär. 

“Ogul döwletiň başy, gyz hem bolsa göwün hoşy” diýen ajaýyp sözlere eýerýän türkmen halky nesil terbiýesine çuňňur hem-de jogapkärli çemeleşipdirler. Halkymyzyň: “Çaga eziz, edebi ondan hem eziz” diýen nakylynyň aňrysynda uly many bar. Maşgala bir agaç bolsa, çaga şol agajyň güli we miwesi. Ata-ene bolsa ösüp barýan bagyň bagbanlary. Edepli perzent diňe bir maşgala däl, eýsem, il-güniň derdine ýaraýan mähriban ynsan, ýakyn ýürekdeş bolup durýar. Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, ata-enelik borjunda diňe bir perzent ösdürip ýetişdirmegiň özi ýeterlik bolman, eýsem olara asylly görüm-görelde, kämil terbiýe bermek hem möhüm zatlaryň biri bolmagynda galýar.

Nesil terbiýesinde ene-atanyň şahsy göreldesi zerur terbiýe mekdebi bolup durýar. Sebäbi her-bir çaga ene-atasynyň ähli hereketini öwrenip, gaýtalamaklyga, oglanjyk kakasyna gyzjagaz ejesine meňzemeklige çalyşýar. Çaga daş-töwerekde bolup geçýän hereketleri tiz kabul etmek bilen, ene-atasynyň asylly hereketlerini özünde jemläp häsiýetine siňdirýär.  Ene-ata perzendini mähir-alada bilen gurşap, onuň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda tutanýerlilik görkezmelidir. Çaganyň bilesigelijilik bilen berýän sowallaryna, irginsiz doly we dogry jogap bermeli. Bu bolsa çaganyň aňynyň dogry ösmegine, akylly, paýhasly, ilhalar adam bolup ýetişmegine itergi berýär.

         Çaganyň ösüş ýolunda kämil ynsanlaryň, parasatly şahsyýetleriň görüm-göreldesi, olaryň üstünlikli durmuş ýoly, wagyz-nesihatlary ynsanyň şahsyýet bolup ýetişmeginde uly orun eýeleýär, Asylly maşgalada terbiýelenen, ene-atanyň görüm-göreldelerinden, edep-terbiýelerinden taplanan çaga jemgyýetde hem mynasyp ornuny tapýar.      

          Çaganyň kiçilikden sporta we bedenterbiýä höwesini artdyrmak hem esasy meseleleriň biri bolup durýar. Çünki sagdyn ýaşamak, sagdyn pikirlenmek üçin sagdyn bedeniň, bedenterbiýäniň zerurdygyny megerem ählimiz bilýändiris.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän sport mekdeplerinde, stadionlarda, sport toplumlarda ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilen. 

Bu günki gün, toýlar toýlara, baýramlar baýrama ulaşýan diýarymyzda mähriban çagajyklaryň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän aýdymlary, joşgunly sazlary belentden ýaňlanýar, şadyýan gülküleri zemini doldurýar, ýürekleri joşurýar. Munuň özi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, röwşen geljegimiz bolan mähriban körpelerimiziň aýratyn söýgi, alada bilen gurşalyp alynmagyna hem-de ýaş nesillerimiziň milli we ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Parahatçylygyň mekany bolan diýarymyzda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar.  

Ýurdumyzyň ýagty gelejegi bolan çagalaryň abadan durmuşda bagtyýar ýaşamaklary üçin döredilip berlen ajaýyp mümkinçilikler her bir ene-atanyň şatlygyny goşalandyryp, milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar.

Çagajyklaryň asuda, abadan, bagtyýar durmuşda parahat ýaşamaklary ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun!

Zerhal Narmamedowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.