Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

GADYMY AMULYŇ TARYHY ÄHMIÝETI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, toýlar toýlara, baýramlar baýrama ulaşýan diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär.

Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan baý taryhy we medeni mirasy bar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda bu gymmatlyklarymyz aýawly saklanylýar, dikeldilýär, ajaýyp zamanamyzyň many-mazmuny bilen baýlaşdyrylýar. Taryhymyzy, medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmek, gorap saklamak babatynda şeýle anyk ädimleriň ädilmegi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen mukaddeslikleriniň täzeden dikeldilip, halkymyza ýetirilmegine iňňän uly täsirini ýetirýär. 

Ýurdumyzda milli mirasymyzyň içgin öwrenilmegine uly orun berilýär,  sungatyň, binagärligiň hem senetçiligiň ajaýyp nusgalaryny peşgeş beren Änew, Jeýtun, Margiana, Amul ýaly gadymy medeniýetler ählumumy ruhy gymmatlyklaryň kemala gelmegini şertlendirýär. Ata-Watanymyzda häzirki güne çenli saklanylyp galan taryhy ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Aýawly saklanýan milli mirasymyzyň özboluşlylygynyň, köp sanly arheologik ýadygärlikleriň, gadymy, antik we orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgalary bu ugurda diýarymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Milli mirasymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamagyň we dünýä ýaýmagyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini yzygiderli nygtaýan Gahryman Prezidentimiziň taýsyz goldawy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ýokary derejeli gatnaşyklary has-da berkidilýär. 

          “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň aprel aýynyň 25-26-na, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýene bir ähmiýetli taryhy wakalaryň biri boldy, “Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. 

Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň, Lebap welaýat häkimliginiň, hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki tagallalary esasynda gurnaldy.

Lebap welaýatynda Ilkinji gezek geçirilen halkara ylmy maslahatyň esasy maksady dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik ähmiýetli geçelge bolan bu gala çekmek bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden hem-de medeni diplomatiýany ösdürmekden, halkara giňişligine giňden ýaýmakdan ybarat bolup durýar.

Lebap welaýatynda iki gün dowam eden taryhy gezelençlere we halkara ylmy maslahata ýurdumyzdan, şeýle hem Gazagystan, Özbekistan, Russiýa Federasiýasy, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Gruziýa ýaly ýurtlardan wekiller gatnaşdylar. 

Hususan-da, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň “Amul” toponiminiň etimologiýasy, Amul medeniýetiniň taryhy-etnografiýa taýdan öwrenilişi, gadymy şäheriň binagärlik gurluşynyň aýratynlyklary baradaky çykyşlary diýseň täsirli boldy.

Maslahata ÝUNESKO-nyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagy hem bu ylmy maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Garaşsyz Diýarymyzyň at abraýyny dünýä ýaýmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.