Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň abadan durmuşda ýaşamaklygy üçin döredip beren bu ajaýyp zamanasynda, dünýä gymmatlyklarynyň iň-bir naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmeniň Ahalteke bedewleri aslyny Oguzhandan alyp gaýdýan milletimiz bilen birlikde türkmen taryhynyň gatlarynda uly orun tapdy. Ahalteke bedewleri Oguzhan atamyz, Görogly beg ýaly türkmeniň beýik şahsyýetleriniň, taryhy müňýyllyklara uzaýan geçmişinde beýik sungat hökmünde kemala geldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly eserleri milliligimiziň bezegi bolan türkmen bedewlerimiziň gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny has-da beýgeltdi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby bolsa şol maglumatlaryň üstüni ýetirip, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä tanatdy. Ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara ser salsak türkmeniň nesil terbiýesinde hem ganatly bedewlerimiziň uly ähmiýetiniň bardygyny görmek bolýar. Görogly şa dessanymyzda Görogly begiň dosty, ýakyn syrdaşy hasaplanýan Gyratyň, Görogly begiň ömrüniň ahyryna çenli wepadar dosty bolandygy megerem ählimize mälimdir. Bu zatlaryň ählisini jemläp aýdanymyzda, Türkmen bedewiniň gadymy medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi, taryhy ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar.
Pederlerimiz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi seýisläp, köpeldip, tohumyny arassa saklap, nesillerimize galdyrypdyr. Şol nukdaýnazardan hem, Türkmenistan - behişti bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli ýurtlaryň hataryna goşuldy.
Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, wepalylykda, ukyp - başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr. Türkmen ýigidi bedewine atlanyp, söweşe gideninde, onuň bedewi ýigidiň göwnüne laýyk hereket etmegi başarypdyr. Ýaraga gümra eýesine kynçylyk döretmezlik üçin onuň aty-da haýsy ugra ýykgyn etmeli bolsa göwresini şol ýana ugrukdyrypdyr. Bedew aty eýesiniň her-bir hereketinden, sesinden, ýürek urşundan ýagdaýyny duýmagy başarypdyr.
Türkmen bedewleriniň dünýä meşhur ajaýyplyklarynyň birine öwrülmeginde türkmen seýisleriniň hem ähmiýeti örän uludyr. “Mal eýesiniň gözünden suw içer” diýlişi ýaly, merdi-merdanalygy, gaýduwsyzlygy, üşükliligi bilen eýesine meňzeýän bedewleri ýetişdirmek üçin seýisler ýadawsyz zähmeti, irginsiz aladalary, ýiti zehini siňdiripdirler.
Halkymyz towsanaklap ýören taýçanakdan älemi baglajak bedew aty, oýnap ýören oglanjykdan edermen, batyr ýigitleri ýetişdirmegi başarypdyrlar. Taýçanagyň ýa-da atyň reňkine, häsiýetine we beden gurluşynyň aýratynlyklaryna görä onuň nä derejedäki at bolup ýetişjekdigini öňünden bilipdirler.
Türkmen nakyllaryna eýersek hem halkymzyň nä derejede bedewe sarpa goýýanyny aňmak bolar. “At agynan ýerde toý bolar”, “At almankaň eýer al”, “At gylygyna eýesi ýetik”, “Atda gaýrat bolsa, özge syn bolmaz”, “Aty baryň ganaty bar”, “Ogly eklän tanar, aty saklan”, “At –myrat”, “Bedew - jul içinde, göwher - kül içinde”, “Ýüwrük at öňüni gözlär, ýagşy ýigit – soňuny”...
Bedew atlara atlanan gerçeklerimiz öz atlary bilen mydama türgenleşikde bolupdyrlar. Şonuň üçin hem ýigitlerimiz bedew üstündäki dürli oýunlara has-da kämilleşip, çalasynlyk we çalt pikirlenmek dürli ýagdaýlarda basym çözgüt çykarmagy başarypdyrlar. Şeýlelik bilen olar söweş endiklerini we başarnyklaryny has-da kämilleşdiripdirler.
Bir söz bilen aýdanda türkmen bedewleri biziň milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz, köňül syrdaşymyz bolup türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegidir.
Türkmeniň deňi-taýy bolmadyk Ahalteke bedewleriniň gadyr-gymmatyny has-da beýgeldýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Merdan Nowruzow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary