Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ABADAN DURMUŞYŇ GÜWÄSI

Eziz Diýarymyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygynygorap saklamak babatda al­- nyp barylýan döwlet syýasaty sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrundaky tagallalar bilen utgaşdyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda amala aşyrýan işleri ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Ekologiýa abadançylygy durnukly ösüşiň we abadan ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň esasy şertleriniň biridir. Diýmek, sport hem-de ekologiýa bir-biri bilen berk baglanyşyklydyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň baş- tutanlygynda raýatlaryň saglygyny, ýaşaýan dünýämiziň abadançylygyny, geljekki nesil- leriň mynasyp ýaşaýşyny nazarlaýan tagal­lalar ýurdumyzda giň gerimli we köpugurly häsiýete eýedir. Bu babatda amala aşyrylýan işler dowamlylygy bilen tapawutlanýar. Sport bilen ekologiýanyň arabaglanyşygy barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, bu iki düşünjäniň hem adamlaryň saglygy bilen baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Daşky gurşawyň abadançylygyna uly ähmiýet beril- ýän ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen köpçülikleýin bag ekmek çäre- leri we welosipedli ýörişler sagdyn durmuş ýörelgesi bilen ekologiýanyň sazlaşygynyň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşma- gynda şu ýylyň ýazky bag ekmek möwsümi ne badalga berilmegi hem gözel tebigatymy- zy goramak ugrundaky aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Şol çärelere ildeşlerimiziň müň- lerçesiniň işjeň gatnaşmagy bolsa bu asylly başlangyjyň halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe bolýandygyny tassyklaýar.

Ekologiýa abadançylygy ýurdumyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän medeni we durmuş maksatly desgalara, şol sanda işewürlik düzümlere bildirilýän mö- hüm talap bolup durýar. Häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň önümçilik toplumla- rynyň we söwda maksatly binalarynyň daş- töwereginde ýaşyl zolaklar üpjün edilýär. Ýazyň ajaýyp günlerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda açylyp, ulanyl­maga berlen desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyp, agaçlaryň ekilmegi hem aýdylanlary doly tassyklaýar.

Ýurdumyzda ynsan saglygynyň esasy şertleriniň biri bolan ekologiýa abadançyly gyny üpjün etmegiň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Daşky gurşawyň abadançylygy bilen baglanyşykly wezipeler Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, Sanitariýa kodeksi, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi, «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljerme- si hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenista- nyň Milli tokaý maksatnamasy» we beýleki hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär.

Watanymyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, adamlaryň sagdyn we bag- tyýar durmuşyny üpjün etmek üçin ähli şertleri döretmek ugrunda durmuşa geçi- rilýän işler dünýä nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty şu günki we geljekki nesilleriň sagdyn hem-de bagtyýar durmuşynyň güwäsidir.

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty