Ýakynda «Pähim-paý- has ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gabat gelen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi guraldy, şeýle-de paýtagtymyzda täze gurlan «Arkaç» söwda medeni-dynç alyş merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.
Birleşmäniň agzalarynyň geçiren maslahaty hem bu şanly sene bilen baglanyşykly boldy. Hususyýetçileriň giňden ýaýbaňlandyrylan sergisinde döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli senagat önümleri, ýokary hilliligi bilen içerki we daşarky bazarlarda alyjylaryň uly isleglerinden peýdalanýan oba hojalyk we azyk önümleri mynasyp orun eýeledi. Şeýle hem sergide hususy kärhanalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli binagärlik desgalary, hususan - da, Arkadag şäherindäki gurluşyklar, ulag-logistika pudagynyň ösüşleri, halkara ulag üstaşyr ulgamynyň möhüm düzümini emele getirýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işler, sanly ykdysadyýeti, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler, döwrebap hyzmatlar giňden şöhlelendirildi. Olardan görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ähli desgalaryň, binalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalar, nouhaular, sanly ulgam ornaşdyrylýar. Şeýle de gurluşyk işlerinde «ýaşyl» tehnologiýalar göz öňünde tutulyp, daşky gurşawyň abadançylygyna aýratyn üns berilýär. Ýerli howa hem- de toprak şertlerine laýyk gelýän baglardyr ösümlikler oturdylýar. Bu babatda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler hem buýsandyryjydyr. Bu şäheriň çäginde guruljak senagat zolagy hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk gelýän kärhanalary döretmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, kiçi we orta telekeçiligiň milli ykdysadyýetimiziň esasy üns merkezindäki ugurlaryň biridigi, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazarlarda haryt bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm ornuň degişlidigi, türkmen telekeçileriniň halkara derejede ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýändikleri, döwletimiziň abraýyny belende göterýändikleri baradaky aýdanlary ähli telekeçileri täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Ýeri gelende, «Türkmenistany 2024- nji ýylda durmuş - ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» hususy pudagyň hem öňünde möhüm wezipeler goýulýandygyny bellemek gerek. Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda özleşdirmek işleri alnyp baryljak 157 sany taslama boýunça jemi 1 milliard 567 million 711 müň manat möçberde maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirildi.
Hususyýetçilere giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Berkarar Watanymyzy durmuş -ykdysady taýdan ösdürmekde alyp barýan beýik işlerinde mundan beýläk de üstünlikleriň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Arslan Täşliýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.