Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BELENT MAKSATLAR TÄZE ÜSTÜNLIKLERE RUHLANDYRÝAR

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden we maksatlardan gelip çykýan aýratynlyklar barada birin-birin belläp geçdi. Milli Liderimiziň çykyşynda işewürligi ösdürmek bilen baglylykda, halkara hususy hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak, döwre görä emläk, eýeçilik, şertnama-hukuk, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet hyzmatlaryny sanly ulgamlar arkaly amala aşyrmak, hukuk kömegini bermek, telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, ykdysady işjeňligi üpjün etmek, dürli pudaklarda sanly hyzmatlary ösdürmek, kärhanalaryň işini, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, gurluşyk işleriniň kadalaryny düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmek, oba hojalyk önüm öndürijilere ýardam etmek ýaly meselelere degişli kanunçylygy seljerip, möhüm işleri geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň alyp barýan işlerimizde diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmek däl-de, eýsem, ösüşiň uzak möhletleýin we durnukly depgininiň saklanylmagy hem möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasynyň, ilkinji nobatda, işewürlik gurşawyny döretmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak bilen, hususy maýa goýumlaryň köpelmeginde jemlenendigi baradaky parasatly pikirler biziň işimizde ýolgörkeziji çelgidir. Şoňa göräde, hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmek wajypdyr. Bu ugurda kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi kanun çykaryjy ulgamyň paýyna düşýän wezipedir.

Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary, öňdengörüji çözgütleri türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny nazarlaýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder. Biz hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna, öňümizde goýan möhüm wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan gülledip ösdürmäge goşant goşmak ugrunda mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty