Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

DURMUŞ-YKDYSADY ÖSÜŞDE YGTYBARLY UGUR

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän söwda syýasaty daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu barada şeýle belleýär: “Döwletiň söwda syýasaty-daşary ýurt döwletleri bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň täsir ediş çäreleriniň ulgamydyr. Daşary söwda milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin goşmaça serişdeleri almagy üpjün edýär we ýurduň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ösdürmäge ýardam berýär” ykdysadyýetiň ýokary depginler bilen ösmegi daşary söwda  dolanyşygynyň möçberiniň ýyl-ýyldan artmagyna mümkinçilik döredýär. Ortaça ýyllyk ösüş depginleri soňky 10 ýylyň içinde ýokary derejelere ýetdi. Türkmenistan häzirki döwürde Russiýa, Hytaý, Gazagystan, Türkiýe, Italiýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Şweýsariýa, Fransiýa, Eýran ýaly döwletler bilen söwda hyzmatdaşlygyny işjeň alyp barýar.

Ýurduň bütindünýa söwda ulgamyna goşulmagy onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň derejesini ýokarlandyrmagy şertlendirýär. Milli ykdysadyýetiň ýokary depginlerde ösmegine ýardam berýär. Biziň ýurdumyzda gaz, nebit we nebit önümleri, elektrik energiýasy, pagta süýümi, mata we pagta ýüplikleri, dokma we nebit-himiýa senagatynyň önümleri eksportyň esasy ugurlary bolup durýar. Şunuň birlikde, döwletde tehnologik taýdan kämilleşdirmäge we durnukly daşary söwda bäsdeşligine ukyply, häzirki zaman taýýar önümleri çykarmaga gönükdirilen gurluş özgertmeleri amala aşyrylýar. Eksportyň geografik çäginiň hem yzygiderli giňeýändigini bellemek gerek.  Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen söwda gatnaşyklaryny alyp barýar.Eýran, Russiýa, Italiýa, Hytaý, Yrak, Owganystan esasy eksport hyzmatdaşlarymyz bolup çykyş edýär.

Daşary söwdanyň artmagy, şeýle hem eksportyň importdan has ýokary bolmagy ýurduň ykdysadyýeti üçin amatly şertleri döredýär. Daşary söwdanyň ýylsaýyn ösmegi, bir tarapdan ykdysadyýetiň pugtalanýandygyny we halkyň durmuş-medeni ýagdaýynyň barha gowulanýandygyny alamatlandyrsa, beýleki tarapdan, milli ykdysadyýetiň dünýä hojalygyna goşulyşmagynyň gitdigiçe çaltlaşýandygyny görkezýär. Şu ýerde aýratyn bir begendiriji ýagdaýy, ýagny ýurduň daşary söwdasynyň dünýäniň söwda dolanşygynyň ösüşinden has çaltlygyny bellemek gerek. Dünýä söwdasynyň artyşy her ýyl 2-3 göterimine deň bolsa, ýurdumyzyň daşary söwdasynyň ösüşi has ýokarydyr. Bu deňeşdirme milli ykdysadyýetiň dünýä hojalygyna goşulyşmak we ony barha giňeltmek işiniň çalt depginlerde bolup geçýändigini görkezýär. Bitarap ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň telekeçilerine daşary ýurtlaryň işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär.

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynda synçy derejesi berildi. Bütindünýa Söwda Guramasynda Türkmenistanyň işjeň synçy derejesiniň bolmagy ýurtda önümçilik düzümlerini ösdürmäge,eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga,daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulyşmaga uly mümkinçilikleri berýär. Ýurdumyzyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyna hem-de bu derejä laýyklykda, daşary söwda ulgamynyň, logistika düzümleriniň täze şertlerde ösdürilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň bu guramanyň işine gönüden-göni gatnaşmagy ykdysady, maliýe, söwda, maýa goýum ugurly esasy halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly mümkinçilikleri açýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň ornuny giňeltmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilige aýratyn orun berilýär. Häzir öz ykdysadyýetini bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda ösdürýän ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu ulgamyny netijeli hem-de sazlaşykly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň şeýledigi salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlaşdyrmakda öz beýanyny tapýar. Sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmegiň işjeňleşdirilmegine uly üns berilýär.  Umuman aýdanymyzda ýurdumyzda Hususy ulgamda beýik ösüşler gazanylýar. Ähli ösüşlerimiziň sakasynda Türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bar. Şu pursatda şeýle döredilýän giň şertler, mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize özümiziň çäksiz sagbolsunymyzy aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Döwran Atabaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.