Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan dörän goşgy şygyrlaryndan gözbaş alýan, 2024-nji “Pähim-paýhas ummany–Magtymguly Pyragy” ýylynda diýarymyzyň ähli künjeklerinde türkmeniň beýik söz ussady, pelsepeçi şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyny dabaraly bellemekligi maksat edinip dürli aýdym-sazly medeni çäreler, wagyz-nesihat we döredijilik duşuşyklary giňden geçirilýär. Uly badalgalara beslenen çäreler diňe-bir ýurdumyzda däl, eýsem türki halklaryň medeniýetinde, dünýä medeniýetinde şahyryň mizemez ruhuny beýgeltmek bilen taryhy wakalara beslenýän ýylyň başyndan badalga aldy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň üstünlikli jemleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar -Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynda öz beýanyny tapan bolsa, “Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy” ýylynda abadan durmuşda ýaşaýan halkymyz akyldar şahyryň dürdäne setirlerini pähim-paýhas bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda döwletli işleriň başyny tutar. TÜRKSOÝ Halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan edilmegi, dünýä edebiýatynyň ägirdi, akyldar şahyr Magtymguly atamyzyň golýazmalarynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly medeni çäreleriň sanawyna goşulmagy külli türkmen iliniň özüniň akyldar şahyry bilen dünýä ýüzünde tanalmakdaky şübhesiz subutnamasydyr. Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna, Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne, Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna, Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy! Milli Liderimiziň çuňňur paýhasyndan dörän bu setirler arkaly beýik şahyr Magtymguly Pyragy aňymyzda we durmuşymyzda elýetmez belentlik bolup dikeldi. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, dünýä laýyk gurluşyk ulgamyna eýerilip gurlan Arkadag şäherine görk berip, Köpetdagyň eteginde örboýuna galan şahyryň heýkeli diňe-bir zeminden däl, eýsem arşdan hem ýalkym saçyp görünýär. Köpetdagyň eteginde galdyrylan bu ajaýyp heýkel türkmen halkynyň taryhy geçmişi bilen ajaýyp döwri nazarlaýan gelejegini baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi iňňän möhüm taryhy waka bolup, söz ussadynyň sarpasyny has-da belende galdyrdy. Bu hoş habar her-bir türkmeniň başyny göge diredi. Beýik ussat şahyr, uly şahsyýet Magtymguly Pyragynyň şekili bilen bezelen medaly döşüňe nyşan edip dakmaklyk - eýsem bu uly bagt dälmi!? “Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy” ýyly halkymyzyň gözbaşyny Oguzhan atamyzdan alyp gaýdýan taryhynyň sahypalaryndan eriş-argaç bolup gelýän döwri bolup, Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, onuň belent başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, belent başlary aman bolsun!
Merdan Nowruzow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.