Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

DÜNÝÄNIŇ NAZARY ÄNEWDE

Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky 39-njy mejlisinde biragyzdan kabul eden çözgüdi esasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilme- gi bu taryhy ýadygärlikler toplumynyň gadymy şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga, Änew medeniýeti bilen dünýä halklaryny içgin tanyşdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy. Änew medeniýetiniň Jeýtun medeniýeti bilen sazlaşykly hakykaty dünýä taryhynyň iň bir möhüm ýaşaýyş-durmuşyny ylmy jemgyýetçilige ýaýdy. Bu ykrar- nama amerikan alymy Rafael Pampelli tarapyndan 1904-nji ýylda Änewde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýedi müň ýyl ozalky döwre degişli bolan bugdaý däneleriniň tapylmagy ýurdumyzyň çäginde ekerançylyk medeniýetiniň gadymy köklerinden habar berýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, dürli ýyllarda geçirilen ar-heologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Änewden tapylan nagyşly gaplaryň, misden ýasalan temenleriň biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllygyň başlaryna degişlidigi guwandyryjy taryhy wakalardyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» atly kitabynda: «Geň galdyrýan ýeri, eneolitdöwrüniň haly nagyşlarynyň diňe bir keramiki gap-gaçlarda hem däldigidir. Arheologlar Änew-1-däki ybadathanada gazuw-agtaryş işini geçirenlerinde şowlulyk ýaran boldy, olar diwarlary dürli reňkler bilen bezelen gyzyl üçburçluklaryň, ýerligi çal gara çarçuwalaýyn küşt tagtasynyň tertibinde ýerleşdirilen şekilleriň üstünden bardylar». «Şu ýerde ýene birzady goşmaly, däp bolan nagyşly halylar bilen bir hatarda sýužetli halylarda bolupdyr. Şeýle halylaryň iň gowy nusgasy 1948-nji ýylyň ýer yranmasynda ýykylan, XV asyra degişli taryhy Änew metjidiniň girelgesi şekillendirilen halydyr» diýip bellemegi Änewiň dünýäni haýran eýleýän gadymy taryhy-medeni ähmiýetli ýadygärlikdigini äşgär edýär. Seýit Jemaleddin metjidiniň esasy girelgesiniň ýokarsynda iki aždarhanyň şekili dünýä içre sungat kämilliginiň ýeten derejesiniň naýbaşylarynyň biridir. XV asyryň şeýle metjit ymaratynyň binagärlik sungatynyň özboluşly mozaika bezeginiň özi-de köňülleri heýjana salýar. Änew şäherinde del we ýokary hilli deri, ýüň, mata, haly önümleriniň söwdasynyň edilendigi, onuň dünýäniň baý «gyzan bazary» bolandygy barada taryhy maglumatlarda beýan edilipdir. Ine, şeýle baky gymmatlyklary öz goýnunda jemlän Änew şäheriniň Garaşsyz Diýarymyzda täze binagärlik görnüşine, döwrebap senagat kärhanalaryna eýe bolmagy bolsa bu günki gün gözüňi hem göwnüňi dokundyrýar. Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde saklanylýan taryhy tapyndylar we gymmatlyklar dünýäniň taryhçy alymlarynyň we syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle şanly geçmişi, nurana şu güni we aýdyň geljegi bolan Änew şäherine bütin dünýäniň nazary gönügýär.

Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.