Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Bähbitli işleriň gerimi giňelýär

Taryhy wakalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň belent sepgitleri göwünleri galkyndyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän ykdysady syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda amal edilýän özgertmelerde rowaçlanýar. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berlip, hususyýetçiligiň kuwwatly öndüriji güýç hökmünde bähbitli işleriniň üstünliklere beslenmeginde ähli tagallalar edilýär. Indi türkmen telekeçileriniň ýadawsyz aladalary bilen harytlaryň bolçulygyny döretmekde ýokary netijeler gazanylýar. Döwlet tarapyndan berilýän goldaw-ýardamyň netijesinde telekeçilerimiz bäsleşige ukyply önümleri we harytlary öndürmekde, şeýle harytlary daşary bazarlara eksport etmekde uly işleri bitirýärler. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly goşant goşýan telekeçilerimiziň uly üstünliklerine welaýatymyzyň telekeçileriniň eýeleýän belent sepgitleriniň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Bu günki günde welaýatymyzyň hususy kärhanalarynda öndürilýän gurluşyk, senagat we beýleki önümlerdir harytlaryň hili ýokarlanyp, elýeterli nyrhy alyjylarda uly islegi döredýär. Telekeçilerimiziň yhlas-tagallalary bilen il-günümiziň ýokary hilli harytlara, önümlere, hyzmatlara ösýän islegini doly kanagatlandyrmakda guwançly netijeler gazanylýar. Üstümizdäki ýylyň «Pähim- -paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy uly ilimiz bilen birlikde, telekeçilermizde-de guwanç duýgusyny döretdi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde belleniljek baýramçylygyna welaýat komitetimiz tarapyndan ykjam taýýarlyk görülýär. Biz bu senäni taýýarlykly garşylap, guramaçylykly geçirmek üçin ähli tagallalary edýäris. Ýurdumyzy ösdürmekde täze döwrüň has jogapkärli wezipeleri öňde durýar. Şol wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde bolsa, telekeçilerimiziň mynasyp goşantlary buýsandyrýar. Şeýle bähbitli işler il-günümiziň bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Täzegül JUMADURDYÝEWA. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy