Diýarymyzyň berkararlygy we il-günümiziň bagtyýar durmuşy hakyndaky alada «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen çuňňur mazmunly şygary baýdak edinen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Ýurdumyzyň ähli sebitleriniň sazlaşykly ösdürilmegini, raýatlarymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny gazanmak täze taryhy eýýamda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna amala aşyran iş sapary her birimiziň kalbymyza nur çaýyp, täze maksatlara ruhlandyrdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Arkadagymyzyň gadymy topraga sahawatly saparynyň welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly iş maslahatyndan başlanmagy özboluşly mana eýedir. Milli Liderimiziň parasatly maslahatlary, öwüt-ündewleri öňde goýlan asylly maksatlaryň rowaçlanmagyny şertlendirýär. Maslahatda ýaşlaryň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri esasynda terbiýelenmegi babatdaky wezipelere aýratyn orun berilmegi bolsa Watanymyzyň ýagty geljegi hakyndaky aladanyň nyşanydyr. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň ýolunda esasy wezipeleriň biridir. Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Milli Liderimiziň Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynda kärendeçi çopanlar bilen duşuşyp hal-ahwal soraşmagy, olaryň durmuşy bilen içgin gyzyklanmagy ykbalyny asylly işe baglan ildeşlerimiziň göwnüne ganat baglady. Alym Arkadagymyzyň maldarçylygyň milli ýörelgeleri, düýe malynyň ýüňüniň, etiniň, süýdüniň, çalynyň we agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygy baradaky söhbetleri örän täsirli boldy. Hormatly Arkadagymyzyň özboluşly ekoulgamy we gaýtalanmajak gözelligi bilen tapawutlanýan Garagum sährasyna eden syýahaty bolsa tebigaty söýmegiň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Döwletimiziň berkararlygynyň binýadynda duran sütünleriň biri-de ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine, ruhy gymmatlyklaryna ygrarlylygyň dowamat dowam bolmagyndadyr. Bu hakykat taryhy saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Mary şäherindäki Gurbanguly Hajy metjidine baran mahaly Beýik Biribardan ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň dowamata atarylmagy barada dilegleriň edilmeginde aýdyň şöhlelenýär. Hajy Arkadagymyzyň bu ýerde din wekillerine ýüzlenip, mähriban käbesi Ogulabat ejäniň hem-de kyblasy Mälikguly aganyň belli günleriniň Oraza aýyna düşýändigini aýtmak bilen, olary ýagşylykda ýatlap, olaryň belli günleriniň arasynda gelýän anna gününde sadaka bermek baradaky teklibi ýaşulular bilen geňeşip görmegi haýyş etmegi hem ata-enä sarpa goýmakda hemmä nusga alarlykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek arkaly ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyndan doly peýdalanmak babatda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlere badalga berildi. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy hem bu ugurdaky işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Täze taryhy eýýamda şeýle ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň, ýol, köpri gurmak ýaly sogap işlere goşant goşmagyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylmagy bizi diýseň begendirýär. Milli Liderimiziň welaýatymyza iş saparynyň çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Aşgabat — Mary böleginde işleýän ýol gurluşykçylar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň işleri bilen içgin gyzyklanmagy we hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy sogaply işde paýy bolan ildeşlerimizi has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Ýeri gelende, ýurdumyzyň sebitlerini biri-birine baglaýan döwrebap ýoluň iň öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanyp, halkara hil standartlaryna laýyklykda gurulýandygyny bellemek gerek. Awtobanyň ugrunda döwrebap elektron töleg terminallary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler, aragatnaşyk nokatlary, innowasion yşyklandyryş sütünleri oturdylyp, köp sanly köprüler, ýerasty we ýolüsti geçelgeler, suw geçirijiler, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýangyç guýujy beketler guruldy. Ähli amatly şertleri özünde jemleýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýolagçylaryň we ýükleriň gysga wagtda, bökdençsiz gatnadylmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň ýol ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyryp, logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly goşant goşar. Milli Liderimiziň welaýatymyza amala aşyran iş sapary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gülläp ösmegi babatda asylly maksatlara badalga berdi. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Watany, il-güni söýmegiň, halallyk hem-de tutanýerlilik bilen zähmet çekmegiň, tebigatyň gözelliginden lezzet almagyň, şu günki we geljekki nesilleriň abadançylygy hakynda aladalanmagyň, asylly däp-dessurlaryň dowamata atarylmagy ugrunda yhlas etmegiň belent nusgasyny görkezdi. Halkymyzyň abadan ýaşaýşy, Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimize alkyşlar il-ulsumyzyň kalbynyň owazydyr.
Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy