Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Döwletli ýörelgeleriň sakasynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda  gün saýyn pajarlap ösýän, baýramlar baýrama ulaşýan eziz diýarymyz bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, ynamly öňe barýar.  

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adalatly we parasatly ýörelgesini mynasyp dowam edýän  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň mundan beýläkde ösmegi, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmek maksady bilen, “Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” tassyklanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çar ýanynda alnyp barylýan gurluşyk, binagärlik işleri, gazanylýan beýik ösüşler maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň maksady ýurdy döwrebaplaşdyrmakdan, halkyň eşretli ýaşaýyş durmuşynyň abadançylygynyň hemme tarapdan kämilligini üpjün etmekden ybaratdyr.

Hä­zir­ki dö­wür­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ryn­da dün­ýä­niň ösen, döw­re­bap en­jam­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar üs­tün­lik­li iş­le­dil­ýär. Bu be­ýik iş­le­riň do­wam­ly bol­ma­gy, gel­jek­de be­lent mak­sat­la­ry goý­maga, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösüş­le­ri­ni üp­jün et­mäge, döw­re­bap ugur­la­ry ke­ma­la ge­tir­mä­ge, iş­le­riň oý­la­ny­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy­na hem müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän uly mümkinçilikleri ýurdumyzda sarp edilýän harytlaryň önümçiliginiň ýylsaýyn artdyrylmagyny şertlendirýär. Döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlaryň netijesinde, türkmen hususyýetçileri tarapyndan ýokary hilli, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümler öndürilip, haryt bolçulygy üpjün edilýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň hasabyna import azaldylyp, eksport önümleriň möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi baradaky tagallalaryň, hemaýat-goldawlaryň netijesinde, ykdysadyýetiň hususy böleginde innowasion tehnologiýalara daýanýan senagat, oba hojalyk we gurluşyk kärhanalaryny özünde jemleýän telekeçiler gatlagy emele geldi. 

Hususyýetçilik we telekeçilik pudagynda ýeňillikli karzlaşdyrmak işi ýola goýlup, eksporta gönükdirilen we importuň ornuny tutýan önümçilikler peýda boldy. Şeýlelikde, senagatda, gurluşykda, oba hojalyk toplumynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy amala aşyrylyp başlandy. Uly-uly hususy kärhanalar we zawodlar guruldy. Bu bolsa, gün saýyn gülläýän-ösýän diýarymyzyň ýene bir buýsandyryjy we bellärlikli üstünliklerinden nyşandyr.

Ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherinde ildeşlerimiz üçin ýene bir begendiriji wakalaryň biri bolan “Ak bulut” hojalyk jemgyýetine degişli gury-gurluşyk materiallary öndürýän zawodynyň açylyş dabarasy boldy. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 28 ýyl­ly­k baýramy bilen goşalanyp gelen, ýylda 50 müň tonna gurluşyk garyndylaryny we 4 million inedördül metr gips kartonyny öndürmeklige ukyply bu zawodyň ulanylmaga berilmegi halkymyzyň begenjini has-da goşalandyrdy. Bu bolsa bir-näçe iş orunlarynyň döremegine ýaşlaryň iş bilen üpjün edilmegine goşant goşulýandygyny görkezýär.  

Şular ýaly döwrebap desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­nyň, hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­nyň aýdyň subutnamasydyr. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­ri hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän kär­ha­na­lar, zawod-fabrikler beý­le­ki des­ga­lar Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan öz­gert­me­le­ri­niň oňyn ne­ti­je­si­dir.

Türkmen telekeçilerine uly ynam bildirip, gülläp ösüşlere atarýan, işlemek, gurmak, döretmek üçin ähli amatlyklary döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Guwanç Taganow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň baş buhgalteri