Telekeçilik– halkyň şu güni, eşretli ertiri. Gurmak, döretmek, önüm öndürmek, haryt dolanyşygyny ýola goýmak, eksport we import... biziň gündelik durmuşymyza ornaşyp gitdi. Indi şu günümizi, ertirimizi telekeçilik ulgamyndan üzňe göz öňüne getirip bolmaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilik ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş durmuş derejesini hasda ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň ileritutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak, telekeçilik kärhanalarynyň sanyny artdyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususyýetçileriniň yzygiderli aladalarybilen öndürilýän önümleriň we harytlaryň bolçulygyny döretmekde ýokary netijeler gazanylýar. Munuň özi daşyndan getirilýän önümleri azaltmak, özümizde öndürilýän önümleri köpeltmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere mynasyp goşantdyr.
Häzirki wagtda Diýarymyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, telekeçileri döwlet tarapyndangoldamak ugrunda uly tagallalar edilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän hususy kärhanalaryň sany barha artýar, öndürilýän önümlere diňe bir içerki bazarlarymyzda däl,eýsem, daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär.
Soňky ýyllarda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň dünýäniň dürli döwletlerine eksportynyň artýandygyny bellemek gerek. Bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri, harytlary bilendünýä bazarlaryna çykýan telekeçileriň sany barha köpelýär. Munuň özi ilataedilýän hyzmatyň görnüşleriniň artmagyna, hil derejesiniň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär. Telekeçiligiň ösmegi üçin oňaýly şertler döredilýär. Işewürleriňhäzirki zaman iş usullarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, diňe bir içerki bazardadäl, eýsem, daşary ýurtlardada uly islegbildirilýän önümleri öndürmegi döwletiň durmuş ykdysady taýdan galkynmagynyň esasydyr. Ýurdumyzda hem innowasion iş usullaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, ýokary netijelerigazanýan hususy düzümleriň sanynyň artýandygy guwandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netije sinde milli ykdysadyýetimiz kuwwatlanyp, ak bazarlarymyzda hemde söwda nokatlarynda ýylyň islendik paslynda ter gök we miweönümleriniň bolçulygy gözüňi dokundyrýar.
Muňa daýhanlarymyz bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda zähmet çekýäntürkmen telekeçileriniň hem mynasypgoşandy bar. Olar ýurdumyzda hususyulgamy ösdürmek baradaky başlangyçlardan ruhlanyp, halkyň gündelik sarpedýän azyklyk önümlerini öndürmekde ýokaryişjeňlikgörkezýärler.Milli ykdysadyýetimiz we senagat pudagy ösüşiň täze basgançagyna —innowasionösüştapgyrynagadambasdy.Netijede,ýurdumyzyň çäginde bazar gatnaşyklarynda bäsdeşlige ukyply ýagdaý emele geldi, telekeçilik işjeňligi ýüze çykdy, işewürligi guramagyň hemde önümçiligi ýola goýmagyň häzirki zaman usullary kemala geldi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen we üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy ähli pudaklara iň täze tehnologiýalary hemde öňdebaryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, bazargatnaşyklaryna tapgyrmatapgyr geçmäge, hususy telekeçiligi giňden goldamaga esaslanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwletedahylly bolmadyk pudagyna goldaw bermek baradaky parasatly syýasatyň durmuşa geçirilmegi bilen, hususy telekeçiligiň ösdürilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, ähli görkezijiler babatynda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän we eksportaniýetlenen täzeçil usuldaky önümçilikişiniň kämilleşdirilmegi üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň düzüminde Telekeçiligi ösdürmek merkezi hereket edipbaşlandy. Merkeziň esasy maksady «Kiçiwe orta telekeçiligi döwlet tarapyndangoldamak hakynda» Türkmenistanyň
Kanunynda göz öňünde tutulan kadalardanuguralyp,hususyişewürlerbilenhyzmatdaşlygy amala aşyrmakdan ybaratdyr.Häzirki wagtda merkezde hususy kärhanalar üçin şertnamalaýyn işleri we mahabat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek ýolagoýuldy.
Telekeçilik ulgamy üçin ajaýyp innowasion täzeligem bar. Ol hem «Takykulgam» IT kompaniýasynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde «Tölegsiz web saýt» hyzmatyny ýola goýmagy. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistandasanlyulgamy ösdürmek, bu ugurda dünýäniň iň häzirki zaman gazananlarynyykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak bilen bagly zerur işler alnyp barylýar. «Tölegsiz web saýt» hyzmatynyň maksady hem «Türkmenistanda 2019 – 2025nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşageçirilmegine goşant goşmakdan, şeýlede ýurdumyzda maglumataragatnaşyktehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinigiňeltmekden we döwletimiziň ähli pudaklarynyň, edarakärhanalarynyň sanlyyk dy sa dy ýete geçme gine ýakyndan ýardam ber mekden ybaratdyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ösüşözgerişli depgini başdan geçirýän milli ykdysadyýetimizde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşydöwründe düýpli özgertmeleriň netijesindebelentsepgitlereýetilýär.HormatlyPrezidentimiz telekeçiligi ösdürmekligeulyünsbermekbilen,bähbitlitagallalarabadalga berýär. Indi türkmen telekeçileriniň yhlastagallalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulygy döredilýär.Täzeiş orunlary peýda bolýar. Şeýle tutumly işler bolsa il günümiziň ýaşaýyş durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna giň ýol açýar.
Döwlet ähmiýetli, il gün bähbitli işlerde welaýatymyzyň telekeçileriniň bitirýän işlerem guwandyrýar. Olar ilatyň ýokary islegli harytlaryny we önümlerini öndürip, dürli hyzmatlary ýerineýetirip, il alkyşyna mynasyp bolýarlar.
Maksud TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy