Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

MAGTYMGULY PYRAGY – PAÝHAS UMMANYNYŇ ÇYRAGY

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemäge giňden taýýarlyk görülýär. Geçirilýän aýdym-sazly medeni-köpçülik çäreleri, gojaman Köpetdagyň gerşinde älem-jahana nur paýlap duran akyldar şahyryň heýkeli görenleriň göwnüni ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki ajaýyp täze taryhy döwrümizde nusgawy edebiýatymyzyň eserlerini ylmy esasda öwrenmekde we wagyz etmekde, dünýä dillerine terjime etmekde hem-de okyjylara ýetirmekde alymlarymyz asylly işleri bitirýärler. Çünki milli edebiýatymyzyň nusgalaryny öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli gymmatlyklarymyz, ene dilimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar. Bu günki günde nusgawy edebiýatymyzyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda öwrenilip, gymmatly mirasymyz ýaşlara hem öwredilýär. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň umman kimin çuň döredijiligi külli türkmeniň agzybirligi, döwlet berkararlygy hakyndaky pikirlere ýugrulyp, halkymyzyň hakydasynda ebedilik orun alandyr. Milli mirasymyza uly sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda beýik akyldaryň döredijiligi düýpli öwrenilýär we dünýä ýaýylýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan eriş-argaç bolup geçýän esasy düşünjeleriň biri nesil terbiýesidir. Magtymguly atamyz öwüt-ündewe ýugrulan döredijiligi bilen ýaş nesli terbiýelemegiň nusgalyk mekdebini döredipdir. Şahyryň döredijiligindäki ýaş nesle edep-terbiýe bermek üçin ulanylan öwüt-ündewler çuň mazmuny we köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Görelde terbiýeçilik ýörelgeleriniň iň ygtybarly görnüşidir. Dana akyldarymyz göreldäniň üsti bilen ýaş nesilde şahsyýeti bezeýän ahlak sypatlaryny terbiýeläp boljakdygyny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan türkmen halky Magtymguly Pyraga hemişe minnetdardyr. Çünki döwletimiziň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe derwaýysdyr” diýip, Magtymguly Pyragynyň umumadamzat şahyrydygyny belleýär. Täze taryhy döwürde akyldaryň döredijiligine hormat-sarpa diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütindünýäde hem artýar. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem şygyrlarynda umumadamzat ähmiýetli wajyp meseleleri gozgaýan, olar babatda dana pikir-garaýyşlaryny ündeýän beýik akyldarymyza hem-de onuň köptaraply döredijiligine halkara derejede ýokary baha berilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Bütindünýä, adamzat barada pikir ýöredip, ähli ynsanyýete dogry ýol görkezmegi başaran beýik akyldaryň döredijiligi halkymyzyň milli buýsanjy, geljekki nesiller üçin ýol görkeziji şamçyragdyr. Berkarar Watanymyzda Magtymguly Pyragynyň bütinadamzadyň genji-hazynasyna öwrülen kämil eserlerini öwrenmek, dünýä ýaýmak, onuň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede dabaralandyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işlere buýsanmalydyrys. Şöhratly geçmişimizi geljekki nesillere ýetirip, halkymyzyň we Watanymyzyň abraýyny artdyrmak ugrunda uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Sultan Atakişiýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň syýasy we guramaçylyk bölüminiň müdiri.