Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň telekeçilere berýän goldaw hemaýatyndan, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda edýän tagallalaryndan egsilmez güýç-kuwwat alýan telekeçilerimiz bu günki gün belent sepgitlere ýetýär. Häzirki wagtda döwletimiziň durnukly ösüşini ýokarlandyrmak maksady bilen esasy garalýan meseleleriň biri hem hususy telekeçilik işini ösdürmek bolup durýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: “Ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Hususylaşdyrmaga degişli edara-kärhanalaryň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň aýry-aýry döwlet kärhanalaryny, üpjünçilik desgalaryny, şeýle-hem köp sanly beýleki kärhanalary girizmeli. Häzirki döwürde biz telekeçilere degişli edara-kärhanalaryň döwlete degişli edara-kärhanalar bilen deňeşdirilende, has gowy we netijeli işleýändigini görýäris” diýip belläp geçdi. Asuda Watanymyzda halal zähmet çekýän ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazarlarda haryt bolçulygyny döretmekde, önüm öndürmekde we gurluşyk pudagyny ýokarlandyrmakda netijeli işleri alyp barýarlar. Hakykatdan hem, her-bir ýurduň ösüşinde uly wezipäni eýeleýän ugurlaryň esasylarynyň biri hususy telekeçilik işi bolup durýar. Ykdysady taýdan ösen döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýan telekeçilik işini ösdürmekde we kämilleşdirmekde Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda netijeli işler yzygiderli alnyp barylýar. “Hormatly Prezidentiniň ýurdu¬my¬zy 2019-2025-nji ýyl¬lar¬da durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, diýarymyzda hususyýetçiligi ösdürmek babatynda hem uly işler meýilleşdirilýär. Ol hususy eýeçilige daýanyp ösýän önümçilikleriň döwletiň eksportynyň artdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna saldamly goşant goşmagyny gazanmakdan, ýurdumyza daşary ýurtlardan gelýän harytlaryň möçberini azaltmak we düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmekden, ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň we enjamlarynyň öndürilişini ýola goýmakdan, hususy eýeçilikdäki innowasion häsiýetli kärhanalary ösdürip, olaryň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem Prezident Maksatnamasyna laýyklykda hususy eýeçilikde hereket edýän kärhanalarda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, öndürilýän önümleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek babatynda giň gerimli işleri ýola goýmak, hususy eýeçiligiň kärhanalaryny toplumlaýyn häsiýetde ösdürmek, mineral serişdelerini we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary döretmegi giň gerim bilen alyp barmak, oba ýerlerinde we etrap merkezlerinde döwrebap iş orunlaryny döretmek hem-de işgärleriň aýlyk zähmet haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak, hususy eýeçiligiň ýurduň durmuş maksat¬ly des¬ga¬la¬ry¬nyň we in¬že¬ner¬çi¬lik infrastrukturasynyň binalarynyň gurluşygyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak işleri has-da ilerleder. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde telekeçi¬lik işi - em¬lä¬gi peý¬da¬lan¬mak, ha¬rytlary satmak, işleri ýerine ýetirmek ýa-da edara görnüşli we şahsy taraplara hyzmat etmek arkaly birsyhly peýda almaga gönükdirilen özbaşdak we öz töwekgelligiň bilen amala aşyrylýan işlerdir. Telekeçilik işine başlamak we ýola goýmagy amala aşyrmak üçin zerur serişdeleriň iň möhümi maliýe serişdeleridir. Sebäbi maliýe serişdeleri ýeterlik bolan ýagdaýynda telekeçilik işini ýola goýmak we üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur bolan maddy-tehniki serişdeler, emläkler ýaly beýleki serişdeleriň ählisini satyn ýa-da kärendesine alyp bolýar. Bu bolsa ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmakda mynasyp goşant goşmaga ýardam edýär. Hor¬mat¬ly Pre¬zi¬den¬ti¬mi¬ziň 2012-nji ýy¬lyň iýul aýy¬nyň 20-ne ka¬bul eden “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” kararyna laýyklykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen Diýarymyzyň ygtyýarly banklary tarapyndan kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ma¬ýa go¬ýum tas¬la¬ma¬la¬ry üçin 10 ýy¬la, do¬la¬ny¬şyk serişdelerini al¬mak üçin bir ýy¬la çen¬li möh¬le¬te, ýyl¬lyk bäş gö¬te¬rim bilen ýeňillikli şertlerde karzlar berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçileriniň pul serişdelerine bolan artýan islegleriniň bank ulgamy tarapyndan kanagatlandyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, umumy içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň paýy ýylsaýyn artýar. Bu bolsa ýurdumyzda telekeçilik işiniň hakykatdan hem giň gerim bilen ösýändigini, içerki önümiň öndürilişiniň we daşary ýurtlara edilýän eksportyň möçberiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy we bu ugurda ýetilen belent sepgitler ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryndaky tutýan ornuny berkitmek babatda Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleriniň netijesinde gazanylan üstünliklerdir. Biz hem bu ugurda gijämizi gündiz edip zähmet çekjekdigimizi ynandyrýarys. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimden arzuw edýärin!
Merdan Nowruzow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary