Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda institutyň binasynda “Alym Arkadagymyzyň – ýaşlara ynamy uly” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işle- rini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly, watansöýüji, döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşup bilýän kämil bilimli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Güýz paslynyň ilkinji günlerinde Türkmenistan döwletimizde 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy buýsandyryjy wakalara beslendi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde ýaşlar bilen umumy okuw sapagynyň geçirilmegi ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň: “Men ýaşlarymyzyň el-ele berip, yhlasly zähmet çekjekdiklerine, öňde goýlan belent maksatlara ýetjekdiklerine, Watanymyzyň şöhratyny arşa göterjekdiklerine berk ynanýaryn” diýip, ýaşlara bildiren beýik ynamy olaryň buýsançly başlaryny ýene bir gezek belende göterdi, okuwa höwesini, durmuşa işjeňligini artdyrdy. Döwletimiziň, jemgyýetimiziň esasy sütüni, dowamat-dowamy hasaplanýan bagtyýar ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň görüm-göreldesine, ýol-ýörelgesine eýerip, ata Watanymyzyň ähli pudaklarynda zähmet çekip, täze eýýamyň bedew batly ösüşlerine öz goşantlaryny goşýarlar.
TSTP