Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GEŇEŞLI ILIŇ DÖWLETLI ÝOLY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY – AGZYBIRLIGIŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALK MASLAHATY: PARAHATÇYLYK, AGZYBIRLIK, ÖSÜŞ

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY: HALKYŇ BAGTYÝAR DURMUŞY – ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY

    Golaýda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – PARAHATÇYLYGYŇ, AGZYBIRLIGIŇ WE JEBISLIGIŇ BELENT NUSGASY

    Türkmenistanyň...

HALK MASLAHATY – AGZYBIRLIGIŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Türkmenistanyň Halk Maslahaty we döwlet syýasaty ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, hususy pudagyň hukuk we maliýe binýadyny berkitmäge aýratyn uly üns berýär. Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz telekeçileri ýurduň altyn hazynasy diýip atlandyrýar we olaryň ykdysady ösüşdäki ornuna ýokary baha berýär. Merdana halkymyzy beýik işlere galkyndyrmakda hem-de jebisleşdirmekde geçirilýän syýasy jemgyýetçilik çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Şoňa göräde, raýatlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işlerini sazlaşykly dowam etdirmeli diýen sözlerinden ugur alyp, Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda «Halk Maslahaty – agzybirligiň we ösüşiň binýady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärä gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny beýan etdiler we olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny arzuw etdiler!

TSTP