Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport hereketi görlüp-eşidilmedik uly gerime eýe bolýar. Ýurdumyzda geçirilýän bedenterbiýe, saglyk we sport çärelerine watandaşlarymyzyň müňlerçesi, şol sanda ýaşlar hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şeýle giň möçberli sport çäreleri sportuň dünýäde meşhur görnüşlerini ösdürmäge, oňa ýaşlary höweslendirmäge, bar bolan düzümi döwrebaplaşdyrmaga hem-de halkymyzy köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga gönükdirilendir.
Her bir işde halkymyza, aýratyn hem ösüp gelýän ýaş nesle şahsy görelde görkezýän, döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň artmagy, halkymyzyň bolelin ýaşamagy, ýaşlarymyzyň ylymly – bilimli, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin çäksiz alada edýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň buýsanjy çäksizdir, il - ýurt bähbitli uly tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP